Hindistanly Harnaz Sandhu «Älem gözeli» adyna eýe boldy

  • 13.12.2021 19:18
  • 36k+

Hindistanyň wekili Harnaz Sandhu «Älem gözeli» (“Miss Wselennaýa”) gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Eýlat şäherinde geçirilen bu çäre bäsleşigiň YouTube sahypasynda ýaýlyma berildi. Bu barada TASS habar berýär.

Dabaranyň final bölegine 10 gatnaşyjy çykdy, soň şolardan diňe bäşisine emin agzalarynyň möhüm mowzuklara bagyşlanan soraglaryna jogap bermek we finala ýakynlaşmak mümkinçiligi berildi. Bu tapgyrdan soň Hindistanyň, Paragwaýyň we GAR-yň wekilleri galdy. Olar belli bir mowzuk boýunça gysgaça çykyş etmeli boldular.
Bäsleşige gatnaşyjylara häzirkizaman dünýäsinde basyş bilen ýüzbe-ýüz bolýan gyzlara maslahat bermek teklip edildi. Ýeňiji ýaşlara özüňe ynanmak, özüňi beýlekiler bilen deňeşdirmezlik hem-de dünýäde bolup geçýän möhüm wakalar barada pikirlenmek çagyryşy bilen ýüzlendi.
70-nji bäsleşige 80 ýurtdan gyzlar gatnaşdy. 


04.07.2025 17:05
7.8k+

Prada hindi şypbyklarynyň dizaýnyny ogurlamakda aýyplandy

Prada italýan moda öýi hindi şypbyklarynyň dizaýnyny göçürmekde aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Dawa Milanda erkekleriň Moda hepdeliginde brendiň täze kolleksiýasy görkezilenden soň başlady diýip, Daily Mail neşiri ýazýar...

28.10.2024 15:17
20k+

Hindistanyň wekili "Miss Grand International 2024" gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

25-nji oktýabrda Bangkokda (Tailand) “Miss Grand International 2024” halkara gözellik bäsleşiginiň final tapgyry geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan jemi 69 sany gözel gatnaşdy. Bu barada stiletto.blog habar...

19.12.2022 23:16
39k+

Hindistanly mugallym «Dünýäniň hanymy - 2022-niň» ýeňijisi boldy

Hindistanly Sargam Kuşal «Dünýäniň hanymy - 2022» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Oňa geçen ýylyň ýeňijisi, amerikaly Şeýlin Ford täç geýdirdi.  Ýeňiji bolan zenan mugallym we model bolup işleýär. Ol 2018-nji ýylda...

04.07.2025 18:53
4.8k+

Louis Vuitton 10 müň dollara halas ediş halkasynyň şekilinde ýantorba çykardy

Louis Vuitton fransuz moda öýi halas ediş halkasynyň şekilinde üýtgeşik ýantorba hödürledi. Onuň bahasy 10 müň dollara barabar. Aksessuar wintaž stilindäki ýazgy bilen brendiň nusgawy reňkinde ýerine ýetirildi, bu hem ony tomusky obraz üçin tüýs laýyk edýär...