Hindistanyň wekili "Miss Grand International 2024" gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

  • 28.10.2024 15:17
  • 20k+

25-nji oktýabrda Bangkokda (Tailand) “Miss Grand International 2024” halkara gözellik bäsleşiginiň final tapgyry geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan jemi 69 sany gözel gatnaşdy. Bu barada stiletto.blog habar berýär.

Bäsleşigiň ýeňijisi diýlip, Hindistandan 20 ýaşly telekeçi Reýçel Gupta yglan edildi.  Ol ilkibaşdan ýeňijilige esasy dalaşgärlerden biri hasaplanýardy.
Birinji ýeri filippinli Si Jeý Opiaza, ikinji ýeri mýanmaly The Su Neýn, üçünji ýeri fransiýaly Safetu Kabengele, dördünji orny braziliýaly Talita Hartmann eýeledi.
Bu halkara gözellik bäsleşiginiň geçiriljek ýeri hökmünde Bangkogyň saýlanyp alynmagy, Tailandyň guramaçylyk mümkinçiliklerini we ýurduň halkara çärelerine syýahatçylary çekmek ugrundaky tagallalaryny görkezdi.


04.07.2025 17:05
7.9k+

Prada hindi şypbyklarynyň dizaýnyny ogurlamakda aýyplandy

Prada italýan moda öýi hindi şypbyklarynyň dizaýnyny göçürmekde aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Dawa Milanda erkekleriň Moda hepdeliginde brendiň täze kolleksiýasy görkezilenden soň başlady diýip, Daily Mail neşiri ýazýar...

19.12.2022 23:16
39k+

Hindistanly mugallym «Dünýäniň hanymy - 2022-niň» ýeňijisi boldy

Hindistanly Sargam Kuşal «Dünýäniň hanymy - 2022» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Oňa geçen ýylyň ýeňijisi, amerikaly Şeýlin Ford täç geýdirdi.  Ýeňiji bolan zenan mugallym we model bolup işleýär. Ol 2018-nji ýylda...

13.12.2021 19:18
36k+

Hindistanly Harnaz Sandhu «Älem gözeli» adyna eýe boldy

Hindistanyň wekili Harnaz Sandhu «Älem gözeli» (“Miss Wselennaýa”) gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Eýlat şäherinde geçirilen bu çäre bäsleşigiň YouTube sahypasynda ýaýlyma berildi. Bu barada TASS habar berýär...

13.07.2025 18:42
2.1k+

Dior we Lýuis Hemilton täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi

Dior moda öýi “Formula-1-iň” meşhur ýaryşa gatnaşyjysy Lýuis Hemilton bilen bilelikde täze egin-eşik kolleksiýasyny hödürledi. Ol Marokkonyň, Senegalyň, Mozambigiň, Beniniň we Madagaskaryň medeniýetlerinden ylham alyp döredildi...