Freywille zergärlik brendi suratkeş Frida Kalonyň hormatyna şaý-sep kolleksiýasyny çykardy

  • 28.07.2025 19:11
  • 3.5k+

Awstriýanyň Freywille zergärlik brendi meksikaly suratkeş Frida Kalonyň (1907-1954) döredijiliginden ylham alyp döredilen ¡Viva la Vida! şaý-sep kolleksiýasyny çykardy.

Dizaýnerler Kalonyň dört suratyna ýüzlendi: “Maýmynlar bilen awtoportret”, “Men we totuguşlarym”, “Tikenekli monjuk we kolibri bilen awtoportret” hem-de kolleksiýa ady dakylan “Ýaşasyn durmuş!” (“Garpyzlar”).
Şaý-seplerde suratkeşiň eserleriniň esasy elementleri – doýgun gyzyl, ýaşyl we gök reňkler, şeýle-de ösümlik we haýwanat dünýäsiniň obrazlary: kebelekler, totuguşlar, maýmynlar, güller we garpyzlar şöhlelendirildi.
Kolleksiýa “Santorin maşgalasy”, “Kare” we “Wiktoriýa” gulakhalkalaryny, “Diwa” ýüzügini we “Aý Pikkola” kulonyny öz içine alýar.
Olar 18 we 24 karat altyn bilen örtüldi. Kalonyň stilinde gök fonda ýerine ýetirilen suratlar firuza ýa-da gyzyl çarçuwa salyndy we syrça bilen örtüldi. Her bir bezeg önüminiň önümçiligi elde amala aşyrylýar we ýüzlerçe işi talap edýär.
Freywille 1951-nji ýylda Wenada esaslandyryldy. Ol syrça we altyn bilen işlemäge ýöriteleşýär. Bu brendiň ussatlary ozal Klod Mone, Wan Gog, Sandro Bottiçelli we Gustaw Klimt ýaly belli suratkeşlere bagyşlanan kolleksiýalary çykardy.

11.06.2026 13:03
7.5k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....