Hytaý çölünde düýeler üçin ýolyşyk goýuldy

  • 17.05.2024 13:39
  • 20k+

Hytaý çölünde düýeleriň hereketini düzgünleşdirmek üçin ýolyşyklar goýuldy diýip, Oddity Central ýazýar.

Ýolyşyklar Gansu welaýatynda gurnaldy. Munuň sebäbi her ýyl maý aýynyň başynda ýerli çölde geçirilýän baýramçylyk sebäpli, ol ýere müňlerçe adamyň gelýändigi we düýelerde gezmelemegiň esasy güýmenjeleriň birine öwrülýändigi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýerli häkimiýetler haýwanlaryň we düýelileriň hereketini düzgünleşdirmek üçin şeýle ädim ätdiler.
Mundan başga-da, guramaçylaryň aýtmagyna görä, festiwal döwründe düýeleriň dyknyşygy emele geldi, goýlan ýolyşyklar bolsa bu meseläni-de çözmäge kömek etdi. Syýahatçylar hem ýagdaýy çözmek üçin şeýle çemeleşmä ýokary baha berip, şular ýaly zady hiç ýerde görmändiklerini aýtdylar.


19.06.2026 19:36
6.3k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....