Dua Lipa, Miýadzaki we Werstappen “Time” tarapyndan iň abraýly adamlaryň TOP-100-lügine goşuldy

  • 20.04.2024 07:06
  • 6.7k+

“Time” žurnaly 2024-nji ýylyň iň abraýly 100 adamynyň sanawyny hödürledi. Sanaw diýseň özboluşly boldy. Oňa kino, aýdym-saz, sport, žurnalistika, aktiwizm ýaly dürli ugruň wekilleri goşuldy.

Kino işgärleriniň arasyndan sanawa ýaponiýaly multiplikator Haýao Miýadzaki, asly hindistanly britaniýaly aktýor Dew Patel (“Harabalykdan çykan millioner”), amerikaly kinorežissýor Sofiýa Koppola, hindistanly aktrisa we aýdymçy Aliýa Bhatt, amerikaly aktýor Kolman Domingo we kanada-amerikaly aktýor Maýkl Jeý Foks girdi.
Sazandalardan sanawa britaniýaly aýdymçy, asly kosowaly Dua Lipa, awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug, amerikaly repçi 21 Savage we nigeriýaly sazanda Burna Boy goşuldy.
Sport dünýäsinden sanawda “Red Bulluň” niderlandly sürüjisi Maks Werstappen, ispaniýaly futbolçy Jennifer Ermoso we beýlekiler bellenildi.
Sanawa palestinaly fotožurnalist Motaz Azaýzanyň goşulandygyna-da ünsi çekmek gerek.
Şeýle-de, sanawda Microsoft-yň ýolbaşçysy Satýa Nadella, Hytaýyň BYD kompaniýasynyň prezidenti Wan Çuanfu we Nvidia-nyň ýolbaşçysy Jensen Huang bar.

11.06.2026 13:03
7k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.7k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....