Meril Strip Kann festiwalynyň abraýly “Altyn palma şahasyny” alar

  • 05.05.2024 14:46
  • 4k+

Amerikaly aktrisa, üç gezek “Oskar” baýragynyň eýesi Meril Strip 14-25-nji maý aralygynda geçiriljek 77-nji Kann film festiwalynyň hormatly myhmany bolar. Film festiwalynyň açylyşy güni kino sungatyna goşan önjeýli goşandy üçin oňa “Altyn palma şahasy” baýragy gowşurylar diýip, Variety habar berýär.

Bu Meril Stripiň Kanndaky ilkinji baýragy däl. 1989-njy ýylda ol “Tümlükden çykan ses” filmindäki işi üçin iň gowy zenan keşbi baýragyny alypdy.
Stripden başga-da, abraýly “Altyn palma şahasy” režissýor Jorj Lukasa (“Ýyldyz söweşleri”) we Ýaponiýanyň Ghibli animasiýa studiýasyna hem gowşurylar.
Režissýor Greta Gerwig (“Barbi”) esasy bäsleşigiň emin agzalarynyň başlygy bolar. Festiwalyň maksatnamasyna Frensis Ford Koppola, Paolo Sorrentino, Dewid Kronenberg we Ýorgos Lantimos ýaly tanymal režissýorlaryň täze işleriniň görkezilmegine garaşylýar.


07.02.2026 00:28
1.8k+

Zendeýa Louis Vuitton-yň mahabat kampaniýasynyň ýüzi boldy

Louis Vuitton özüniň meşhur monogrammasynyň 130 ýyllygyny Zendeýa we moda öýi bilen işleşýän beýleki ýyldyzlaryň gatnaşmagyndaky kampaniýa bilen baýram etmegini dowam edýär. WWD neşirinde habar berilşine görä, bu mowzukdaky mahabatlar üçin fotosuratlary düşürýän Glen Laçford, gysga göwrümli filmleriň awtory bolsa meşhur režissýor Roman Koppola...

02.02.2026 15:28
2.7k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

28.01.2026 14:45
1.7k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...

14.01.2026 17:41
5.4k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar...