Di Kaprio Rolex-iň ilçisi boldy

  • 27.02.2025 15:46
  • 4.7k+

Leonardo Di Kaprio şweýsar sagat brendi Rolex-iň ilçileriniň biri boldy. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Aktýor Golliwudyň meşhur işgärleriniň toparyna goşuldy.

Şweýsar brendi onuň kinodaky ajaýyp keşpleri we «daşky gurşawy goramak baradaky işjeň pozisiýasy» barada aýratyn belläp geçdi.

«Di Kaprionyň ekranyň hem içinde hem-de daşynda edýän tagallalaryna dünýädäki möhüm üýtgeşmelere ylham bermek we goşant goşmak islegi ýol görkezýär» — diýip, Rolex-iň beýanatynda aýdylýar.

Di Kaprio Jeýms Kemeronyň «Titanik» filmi bilen tanalyp, bütin dünýäde meşhurlyk gazandy. Ol Martin Skorsezäniň birnäçe filminde surata düşdi we Alehandro Gonsales Inýarritunyň «Diri galan» (Выживший) filmindäki keşbi üçin «Oskar» baýragyny aldy. 1998-nji ýylda aktýor howanyň üýtgemegine garşy göreş gaznasyny döredip, tebigaty goramagyň zerurlygy barada birnäçe dokumental filmleri surata düşürdi. 2014-nji ýylda BMG ony parahatçylygyň ilçisi (habarçysy) edip belledi.

Di Kaprio ilkinji gezek 2024-nji ýylyň ahyrynda Rolex dakynyp ýörkä görüldi. WWD-niň maglumatlaryna görä, ol sagat kolleksiýalary bilen gyzyklanýar, şeýle-de ID Genève brendine maýa goýdy.

Belläp geçsek, režissýorlar Skorseze we Kemeron hem Rolex-iň ilçileri bolup durýarlar. Şeýle-de bu sanawda dirižýor Ýannik Neze-Segen, tennisçi Kris Ewert we çapyksuwar Stiw Gerda hem bar.


02.02.2026 15:28
2.6k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

28.01.2026 14:45
1.7k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...

14.01.2026 17:41
5.4k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar...

30.09.2025 17:48
3.1k+

Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler

Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär...