Aktrisa Sidni Suini IMDb tarapyndan 2024-nji ýylyň iň meşhur ýyldyzy hökmünde saýlandy

  • 07.12.2024 08:48
  • 5.9k+

Amerikaly aktrisa Sidni Suini IMDb portalynyň wersiýasy boýunça 2024-nji ýylyň iň meşhur ýyldyzy diýlip ykrar edildi. Reýting her aý 250 milliondan gowrak ulanyjynyň girip görýän portal sahypalarynyň maglumatlaryna esaslanýar diýip, Deadline ýazýar.

Aktrisanyň ady IMDbPro STARmeter sanawynda bir ýylyň dowamynda ilkinji onlukdan yzygiderli ýer aldy. 
Suiniden başga-da, iň meşhur ýyldyzlaryň ilkinji onlugyna Ella Pernell (“Follaut”, Фоллаут), Kristin Milioti (“Pingwin”, Пингвин), Barri Keogan (“Guş”, Птица) we Rebekka Fergýuson (“Dýuna: Ikinji bölüm”, Дюна: Часть вторая) girdi.
“Täze ýyldyz” adyna IMDb Top 100 sanawyna ilkinji gezek goşulan Glen Pauell eýe boldy. Şeýle-de, “täze ýyldyzlaryň” sanawynda Nikola Koklan (“Brijertonlar”, Бриджертоны), Emma Korrin (“Dedpul we Rosomaha”, Дэдпул и Росомаха), Keýli Speni (“Imperiýanyň ýykylmagy”, Падение империи), Nawa Mau (“Sugun çagasy”, Олененок) we Nikolas Galisin (“Sen hakda pikir”, Мысли о тебе) bar.
IMDb “täze ýyldyzlaryň” ýylyň dowamynda top-100-e ilkinji gezek goşulan aktýorlardan düzülýändigini belleýär. 2024-nji ýylda olar STARmeter-de üýtgewsiz ýokary orunlary eýelediler.
Sidni Suini “Eýforiýa” (Эйфория) serialyndaky we “Senden başga islendik biri” (Кто угодно, кроме тебя) hem “Omen. Päk” (Омен. Непорочная) filmlerindäki keşpleri bilen bellidir.


02.02.2026 15:28
2.6k+

Odri Hepbýorne degişli bolan Bulgari gülýakasy çaklanan bahasyndan 5 esse gymmat satyldy

Aktrisa Odri Hepbýorne degişli bolan 1960-njy ýyllaryň Bulgari gülýakasy Pariždäki Sotheby’s auksionynda 355 600 ýewro satyldy diýip, söwda öýüniň saýty habar berýär. Harydyň ahyrky bahasy deslapky 60 müň ýewro bahadan bäş esse dagy ýokary boldy...

28.01.2026 14:45
1.7k+

«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler

«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy...

14.01.2026 17:41
5.4k+

«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy

Britaniýaly aktrisa we model,  «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy.  Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri  diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar...

30.09.2025 17:48
3.1k+

Guççiniň maşgalasy barada täze serial surata düşüriler

Italiýanyň Sky telekompaniýasy Guççiniň maşgalasy barada serialyň taýýarlanýandygyny habar berdi. “Guççi: Oýun gutardy” (“Гуччи: Игра окончена”) atly alty bölümli taslamanyň surata düşürilişi 2026-njy ýylyň ýazynda başlanar diýip, Variety habar berýär...