Hünärmenler 2023-nji ýylda Germaniýada çökgünligiň boljakdygyny çaklaýarlar

  • 03.10.2022 11:01
  • 6.2k+

Germaniýanyň ykdysadyýeti energiýa göterijileri üçin bahalaryň düýpli ýokarlanmagy sebäpli 2023-nji ýylda çökgünlik ýagdaýyna düşer. Şeýle çaklamany ýurduň abraýly gözleg institutlary öňe sürýär diýip, kapital.kz belleýär.

Mýunheniň Ykdysady gözlegler instituty (IFO), Kildäki Dünýä ykdysadyýeti instituty (IfW), Essendäki Reýn-Westfal ykdysady gözlegler instituty (RWI) we Galledäki Ykdysady gözlegler instituty (IWH) tarapyndan taýýarlanan çaklama Germaniýanyň JIÖ-niň 2022-nji ýylda 1,4% ýokarlanjakdygyny, 2023-nji ýylda 0,4% peseljekdigini we 2024-nji ýylda 1,9% ýokarlanjakdygyny göz öňünde tutýar.
Şu ýylyň ýazynda institutlaryň çaklamasy GFR-iň ykdysadyýetiniň 2022-nji ýylda 2,7% we 2023-nji ýylda 3,1% ýokarlanjakdygyny göz öňünde tutupdy. Institutlaryň çaklamalaryna görä, Germaniýada JIÖ-iň göwrümi 2022-nji we 2023-nji ýyllarda umumy alanyňda ýazda çaklanylandan 160 mlrd ýewro pes bolar.
Russiýanyň GFR-e gaz eksportynyň azalmagy ýangyjyň bu görnüşiniň bahasynyň rekord derejä ýetmegine getirdi diýlip, hasabatda bellenilýär. Hünärmenler gaz ýetmezçiligini düýpli mesele hasaplamak bilen, onuň bahasynyň çökgünlikden öňki derejeden ýokary boljakdygyny we munuň Germaniýa üçin maddy hal-ýagdaýyň peselmegini aňlatjakdygyny duýdurdylar.
Institutlaryň GFR-de şu ýyl üçin inflýasiýa boýunça çaklamalary 8,4%-e barabar.


17.12.2024 14:12
2.6k+

Türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi

16-njy dekabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise...

02.12.2024 12:27
15k+

Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti: haýsy çykdajylar göz öňünde tutuldy?

Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuna gol çekdi. Kanun 2-nji dekabrda resmi metbugatda çap edildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin...

30.11.2024 10:11
8.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti banklara audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri yglan etmegi tabşyrdy

Türkmenistanyň banklary ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit işlerini geçirmek boýunça çäreleri görýärler. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow anna güni Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi. Bu işler “Karz...

23.11.2024 21:31
2.5k+

Daşkentde Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy

Özbegistanyň paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwdany ýeňilleşdirmek boýunça milli komitetleriniň 12-nji sebitleýin ýygnagy geçirildi. Bu çäre Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýeti (GIZ) tarapyndan Germaniýanyň...