Hünärmenler 2023-nji ýylda Germaniýada çökgünligiň boljakdygyny çaklaýarlar

  • 03.10.2022 11:01
  • 6.6k+

Germaniýanyň ykdysadyýeti energiýa göterijileri üçin bahalaryň düýpli ýokarlanmagy sebäpli 2023-nji ýylda çökgünlik ýagdaýyna düşer. Şeýle çaklamany ýurduň abraýly gözleg institutlary öňe sürýär diýip, kapital.kz belleýär.

Mýunheniň Ykdysady gözlegler instituty (IFO), Kildäki Dünýä ykdysadyýeti instituty (IfW), Essendäki Reýn-Westfal ykdysady gözlegler instituty (RWI) we Galledäki Ykdysady gözlegler instituty (IWH) tarapyndan taýýarlanan çaklama Germaniýanyň JIÖ-niň 2022-nji ýylda 1,4% ýokarlanjakdygyny, 2023-nji ýylda 0,4% peseljekdigini we 2024-nji ýylda 1,9% ýokarlanjakdygyny göz öňünde tutýar.
Şu ýylyň ýazynda institutlaryň çaklamasy GFR-iň ykdysadyýetiniň 2022-nji ýylda 2,7% we 2023-nji ýylda 3,1% ýokarlanjakdygyny göz öňünde tutupdy. Institutlaryň çaklamalaryna görä, Germaniýada JIÖ-iň göwrümi 2022-nji we 2023-nji ýyllarda umumy alanyňda ýazda çaklanylandan 160 mlrd ýewro pes bolar.
Russiýanyň GFR-e gaz eksportynyň azalmagy ýangyjyň bu görnüşiniň bahasynyň rekord derejä ýetmegine getirdi diýlip, hasabatda bellenilýär. Hünärmenler gaz ýetmezçiligini düýpli mesele hasaplamak bilen, onuň bahasynyň çökgünlikden öňki derejeden ýokary boljakdygyny we munuň Germaniýa üçin maddy hal-ýagdaýyň peselmegini aňlatjakdygyny duýdurdylar.
Institutlaryň GFR-de şu ýyl üçin inflýasiýa boýunça çaklamalary 8,4%-e barabar.


düýn 22:09
1.3k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
692

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
4.8k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 10:26
633

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......