Müsür 2036-njy ýyldaky Olimpiadany geçirmek üçin ýurdunyň dalaşgärligini öňe sürer

  • 26.09.2022 14:46
  • 5265
Müsür 2036-njy ýyldaky Olimpiadany geçirmek üçin ýurdunyň dalaşgärligini öňe sürer

Müsüriň prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Müsür Arap Respublikasyny 2036-njy ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin dalaşgär hökmünde görkezmek teklibini makullady. Bu barada Müsüriň Ýaşlar we sport ministri Aşraf Sobhi habar berdi, onuň teswirlerini "Ahbar al-Ýaum" habarlar portaly getirýär diýip, TASS belleýär.

"Döwlet baştutany Müsüre 2036-njy ýylda Olimpiadany geçirmek hukugyny bermek baradaky resmi arza razylyk berdi" - diýip, Sobhi belledi.

Bu beýanat Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Tomas Bahyň Kaire sapary mynasybetli guralan resmi kabul edişligiň dowamynda aýdyldy.
Bah hem öz gezeginde "Müsüriň sport infrastrukturasynyň 2036-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge mümkinçilik berýändigini" belledi.
Öň, tomusky Olimpiada Afrikada geçirilmändi. Kair 2008-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge hukuk almak göreşine gatnaşdy, emma finalçy şäherleriň sanawyna goşulyp bilmedi. Oýunlaryň paýtagty hökmünde bolsa Pekin saýlanypdy.


18.05.2024 14:46
12293

Türkmenistanyň dzýudoçylary Abu-Dabidäki dünýä çempionatynda medallar üçin bäsleşerler

19-njy maýdan 24-nji maý aralygynda Abu-Dabide (BAE) dzýudo boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Oňa dünýäniň 109 ýurdundan 672 türgen gatnaşar. Ýaponiýaly tälimçi Kazuhiko Topkunonyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň...

17.05.2024 13:30
6112

2024-nji ýylyň Olimpiadasy Pariže näçe milliard girdeji getirer

Pariž 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryndan 6,7 – 11,1 mlrd ýewro möçberde arassa ykdysady peýda gazanmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar...

14.05.2024 12:26
4057

Türkmen boksçylary Bongkokda olimpiýa ýollanmalary ugrunda bäsleşerler

Türkmenistanly türgenler Bongkokda (Tailand) boks boýunça 2-nji Bütindünýä saýlama ýaryşynda ilkinji olimpiýa ýollanmalary ugrunda bäsleşerler. Ýaryşlar 23-nji maýdan 3-nji iýun aralygynda geçiriler diýip, Orient agentligi...

11.05.2024 18:20
10971

Olimpiýa oýunlary-2024-iň futbol ýaryşyna gatnaşyjylar belli boldy

Gwineýanyň milli ýygyndysy Olimpiýa oýunlarynyň erkekleriň arasynda futbol ýaryşyna iň soňky gatnaşyjy boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär. Çarşenbe güni Gwineýanyň topary Indoneziýanyň milli ýygyndysyny...