Müsür 2036-njy ýyldaky Olimpiadany geçirmek üçin ýurdunyň dalaşgärligini öňe sürer

  • 26.09.2022 14:46
  • 5.8k+

Müsüriň prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Müsür Arap Respublikasyny 2036-njy ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin dalaşgär hökmünde görkezmek teklibini makullady. Bu barada Müsüriň Ýaşlar we sport ministri Aşraf Sobhi habar berdi, onuň teswirlerini "Ahbar al-Ýaum" habarlar portaly getirýär diýip, TASS belleýär.

"Döwlet baştutany Müsüre 2036-njy ýylda Olimpiadany geçirmek hukugyny bermek baradaky resmi arza razylyk berdi" - diýip, Sobhi belledi.

Bu beýanat Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Tomas Bahyň Kaire sapary mynasybetli guralan resmi kabul edişligiň dowamynda aýdyldy.
Bah hem öz gezeginde "Müsüriň sport infrastrukturasynyň 2036-njy ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge mümkinçilik berýändigini" belledi.
Öň, tomusky Olimpiada Afrikada geçirilmändi. Kair 2008-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny geçirmäge hukuk almak göreşine gatnaşdy, emma finalçy şäherleriň sanawyna goşulyp bilmedi. Oýunlaryň paýtagty hökmünde bolsa Pekin saýlanypdy.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 11:14
8.9k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......