Olimpiada-2028-däki futbol ýaryşynda erkekler topary az, zenanlar topary köp bolar

  • 11.04.2025 16:52
  • 5.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti (HOK) Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiada-2028-e gatnaşjak futbol boýunça erkekler ýygyndylarynyň sanyny azaltdy. Bu barada HOK-yň sport direktory Kit Makkonnell habar berdi.

Ýaryşda öňki 16 toparyň deregine 12 topar çykyş eder. Şol bir wagtyň özünde, zenanlaryň arasyndaky ýaryşda, tersine, toparlaryň sany 12-den 16-a çenli artdyrylar.
Şeýle-de, sportuň beýleki görnüşlerinde hem üýtgeşmeler bolar. Zenanlaryň arasyndaky boks ýaryşynda alty däl-de, ýedi agram kategoriýasynda medallar paýlanar. Ilkinji gezek ýaý atmak, golf, sport gimnastikasy, küreklemek, stol tennisi boýunça we 4х100 metr estafetada garyşyk toparlaryň arasynda ýaryşlar geçiriler.
Ilkinji gezek türgenler 50 metr aralyga arkanlygyna, brass we batterflýaý usulynda ýüzmekde bäsleşer.
Oýunlaryň programmasyna kenarýaka küreklemesi hem goşuldy, bu ýerde türgenler sprintde medal ugrunda bäsleşer.
Makkonnelliň aýtmagyna görä, Olimpiada-2028-de “Pariždäki Olimpiada näçe türgen gatnaşan bolsa, şonça türgen çykyş eder. 10 500”.
Los-Anjelesdäki Olimpiýa oýunlary 2028-nji ýylyň 14 – 30-njy iýulynda geçiriler.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.8k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

03.03.2026 11:20
3.4k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...