Los-Anjelesdäki Olimpiada-2028-iň açylyş we ýapylyş dabaralary iki stadionda geçiriler

  • 10.05.2025 19:22
  • 7k+

Los-Anjelesiň Ýadygärlik kolizeýi we Inglwuddaky stadion 2028-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş we ýapylyş dabaralary üçin esasy meýdança bolup hyzmat eder. Bu barada Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) saýtynda habar berilýär.

Olimpiadanyň resmi açylyşy 14-nji iýulda bolar we birbada iki stadionda geçer. Kolizeý üçin bu eýýäm üçünji açylyş dabarasy bolar – ozal bu ýer 1932-nji we 1984-nji ýyllaryň Oýunlaryny kabul edipdi.
Ýakynda gurlan Inglwuddaky stadion bolsa şeýle çäräni ilkinji gezek geçirer.
Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy 30-njy iýulda Ýadygärlik kolizeýinde bolar.
Şeýle-de, bu meýdançalarda geçjek sport dissiplinalary belli boldy. Ýadygärlik kolizeýinde ýeňil atletika boýunça ýaryşlar geçiriler. Inglwuddaky stadion bolsa wagtlaýyn sportuň suw görnüşleri üçin taýýarlanar.
HOK tomusky Paralimpiýa oýunlarynyň hem açylyş dabarasynyň 15-nji awgustda Inglwuddaky stadionda geçiriljekdigini habar berdi. Paralimpiadanyň ýapylyşy 27-nji awgustda Los-Anjelesdäki Kolizeýde geçer. 


şu gün 10:20
54

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
4.6k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....