Türkmenistanyň dzýudoçylary Abu-Dabidäki dünýä çempionatynda medallar üçin bäsleşerler

  • 18.05.2024 14:46
  • 14k+

19-njy maýdan 24-nji maý aralygynda Abu-Dabide (BAE) dzýudo boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Oňa dünýäniň 109 ýurdundan 672 türgen gatnaşar.

Ýaponiýaly tälimçi Kazuhiko Topkunonyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 8 türgen wekilçilik eder: 5 erkek we 3 zenan: Aýbek Omirow (60 kg çenli), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (ikisi-de – 66 kg çenli), Mamedaly Açyldyýew (90 kg çenli), Baýmyrat Majanow (100 kg çenli), Gurbanaý Gurbanowa (48 kg çenli), Maýsa Pardaýewa (57 kg çenli) we Zulhumar Daşkinowa (63 kg çenli).
Türgenler 15 medal toplumy we Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň Oýunlary üçin Olimpiýa kwalifikasiýasynyň reýting utuklary ugrunda göreşerler. Ýeňijiler 2000 utuk, kümüş medallaryň eýeleri 1400 utuk, bürünç medallaryň eýeleri 1000 utuk gazanarlar.
Ýeňijileriň pul baýragy 26 müň ýewro, kümüş üçin – 15 müň ýewro, bürünç üçin – 8 müň ýewro bolar.
Çempionatyň final söweşleri “Матч! Боец” telekanalynda göni ýaýlymda görkeziler. Ýaýlym Aşgabat wagty bilen 18:55-de başlar.


düýn 20:10
6.6k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......