Türkmen boksçylary Bongkokda olimpiýa ýollanmalary ugrunda bäsleşerler

  • 14.05.2024 12:26
  • 4.7k+

Türkmenistanly türgenler Bongkokda (Tailand) boks boýunça 2-nji Bütindünýä saýlama ýaryşynda ilkinji olimpiýa ýollanmalary ugrunda bäsleşerler. Ýaryşlar 23-nji maýdan 3-nji iýun aralygynda geçiriler diýip, Orient agentligi Boks boýunça Aziýa konfederasiýasyna (ASBC) salgylanyp habar berýär.

Parižde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýollanma ugrunda ýurdumyzdan - Şükür Öwezow (57 kg), Saparmyrat Ödäýew (63,5 kg) we Baýramdurdy Nurmuhammedow (71 kg) ýaryşa çykar.
Tejribeli tälimçi Tenilbek Jumakulowyň ýolbaşçylygynda milli ýygyndymyz soňky iki ýylda düýpli üýtgeşmeleri başdan geçirdi, birnäçe ýaş kategoriýalarda güýçli topar emele geldi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň baş sekretary Durdymuhammet Küljäýew ýakyn geljekde ýurdumyzda boks boýunça Aziýa çempionatyny geçirmek meýilleri barada gürrüň berdi.

«Biz ASBC bilen bu babatda gepleşikleri gurnarys» - diýip, Küljäýew aýtdy.


düýn 14:53
8.8k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

26.06.2026 20:10
9.2k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......