Olimpiýa oýunlary-2024-iň futbol ýaryşyna gatnaşyjylar belli boldy

  • 11.05.2024 18:20
  • 11k+

Gwineýanyň milli ýygyndysy Olimpiýa oýunlarynyň erkekleriň arasynda futbol ýaryşyna iň soňky gatnaşyjy boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Çarşenbe güni Gwineýanyň topary Indoneziýanyň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda utup, Pariže ýollama aldy. Olimpiýa ýaryşyna dört topara bölünen 16 topar gatnaşar. Gatnaşyjylaryň doly düzümi şeýle görnüşde:

  • A toparçasy: Fransiýa, ABŞ, Gwineýa, Täze Zelandiýa;
  • B toparçasy: Argentina, Marokko, Yrak, Ukraina;
  • C toparçasy: Özbegistan, Ispaniýa, Müsür, Dominikan Respublikasy;
  • D toparçasy: Ýaponiýa, Paragwaý, Mali, Ysraýyl.

Parižde Olimpiada 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler. Olimpiýa futbol ýaryşy 24-nji iýuldan 10-njy awgust aralygynda bolar.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......