Müsür daşary ýurtly syýahatçylar üçin «tax free» ulgamyny işe girizer

  • 20.09.2022 16:23
  • 6k+

Müsüriň hökümeti daşary ýurtly syýahatçylar üçin beýleki ýurtlarda ulanylýan mehanizme meňzeş «tax free» ulgamyny goýbermegi meýilleşdirýär diýip, Sada El Balad gazeti habar berýär.

«Müsüriň Ministrler Kabineti ýurtdan gidýän daşary ýurtly myhmanlar üçin goşulan baha salnan salgydyň öwezini doluş ulgamyny (SÖDU) durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, Global Blue Egypt müsür operator-kompaniýasyny döretmek hakynda Maliýe ministrliginiň teklibini makullady»  — diýip, neşir ýazýar.

Gazetiň bellemegine görä, syýahatçylaryň arasynda ýörgünli ýurtlaryň köpüsinde edilişi ýaly, «tax free» Müsürden gidilmeziniň öňýany howa menzillerinde resmileşdirilýär. Şeýle-de bolsa, SÖDU boýunça taslamanyň durmuşa geçiriliş möhleti heniz bellenmedi.
«Tax free-ni» girizmek baradaky karar «2030-njy ýyla çenli döwür içinde Müsüriň görnüşi» taslamasynyň çäklerinde SÖDU hakyndaky kanunyň düzgünnamalaryny durmuşa geçirmek, Müsür döwletiniň sanly transformasiýasynyň strategiýasy we syýahatçylygy hem-de şoppingi ösdürmek boýunça tagallalary bilen bagly kabul edildi diýip, Müsüriň hökümetinde düşündirdiler.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......