Москва примет II Каспийский экономический форум в октябре

  • 20.09.2022 14:23
  • 8.4k+

II Hazar ykdysady forumy 5-6-njy oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwanyň manežinde geçiriler. Çäre Russiýa Federasiýasynyň hökümet baştutany Mihail Mişustiniň, Hazar sebiti ýurtlarynyň bäşisiniň – Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçirilip, olar hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň saýtynda habar berlişi ýaly, ministr Maksim Reşetnikow Moskwada oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen II Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk komitetiniň mejlisini geçirdi.
Forumyň maksatnamasy «ýaşyl ykdysadyýet» we durnukly ösüş, ulag we logistika, energetika we syýahatçylyk, ykdysady, ylmy, medeni hyzmatdaşlyk ulgamlarynda wajyp meseleleriň giň toplumyna degip geçer.
Çäräniň ilkinji gününde, 5-nji oktýabrda «tegelek stollar» geçiriler. Onuň gün tertibine: “Hazar sebiti uly Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň bölegi hökmünde: täze çagyryşlar we ösüş mümkinçilikleri”, “Ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk”, “Ýaşaýyş-durmuş we işewürlik üçin oňaýly gurşaw”, “Hazar hyzmatdaşlygy – saglygy we ykdysadyýeti ýokançlardan goramak” baradaky meseleler girizildi.
Şeýle hem Hazarýaka ýurtlarynyň söwda-senagat edaralarynyň «Işewür Hazar» diýen işewürlik hyzmatdaşlygynyň halkara geňeşiniň mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.
Forumyň ikinji gününde, 6-njy oktýabrda II Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň gysga düzümdäki duşuşygy bellenildi. Olar 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitiniň netijeleri bilen baglylykda, esasy ugurlarda özara gatnaşyk etmegiň ileri tutulýan ýörelgelerini ylalaşarlar. Mejlisiň netijeleri boýunça resminamalara gol çekiler.
Belläp geçsek, I Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.


сегодня 01:02
156

Одежда в Казахстане начнет дорожать после введения обязательной маркировки

В Казахстане готовят новый комплексный план развития лёгкой промышленности. Он предусматривает обязательную маркировку товаров, модернизацию предприятий и расширение производства сырья внутри страны....

14.05.2026 19:01
1.9k+

В Ашхабаде обсудили стратегию развития цифровой торговли и электронной коммерции

11 и 12 мая в Ашхабаде прошли два семинара Международного торгового центра (МТЦ), посвященные регулированию цифровой торговли и электронной коммерции....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Сумма валютных сделок на торгах ГТСБТ превысила $11 млн

На минувшей неделе на торгах Государственной товарно-сырьевой биржи Туркменистана (ГТСБТ) было зарегистрировано 17 сделок, сообщает TDH....

06.05.2026 20:34
10k+

Представители Zaha Hadid Architects примут участие на форуме «Белый город Ашхабад 2026»

Представители архитектурного бюро Zaha Hadid Architects, как ожидается, примут участие в 25-й Международной выставке и конференции «Белый город Ашхабад 2026», которая пройдёт 24–25 мая в столице Туркменистана.......