Saud Arabystany, Müsür we Gresiýa futbol boýunça dünýä çempionaty-2030-y geçirmek isleýärler

  • 12.09.2022 23:20
  • 9.2k+

Saud Arabystany, Müsür we Gresiýa 2030-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny bilelikde geçirmek isleýärler. Eger arza hatyny oňlasalar turnir, Katardaky mundial ýaly, gyşda geçer diýip, öz çeşmelerine salgylanýan The Times gazeti ýazýar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, ýakyn wagtda üç döwletiň bilelikdäki arzasy hakynda resmi görnüşde mälim ediler. Saud Arabystanynyň, Müsüriň we Gresiýanyň ministrler kabinetleriniň derejesinde geçen gepleşiklerden soň şeýle karar kabul edildi.
Gresiýada we Müsürde sport infrastrukturasyny taýýarlamakda çykdajylaryň bir bölegini Er-Riýad öz üstüne almaga taýýar diýip bellenilýär.
Agzalan talap haty Ispaniýanyň we Portugaliýanyň bilelikdäki talap hatyna (muny UEFA hem goldaýar, çünki Müsür, Gresiýa we Saud Arabystany dürli konfederasiýalardan) çynlakaý bäsdeş bolmaly.
Şonuň bilen birlikde Ýewropanyň öňdebaryjy ligalarynyň wekilleri ýene bir Dünýä çempionatynyň gyşda geçirilmegine garşy. Çempionatyň hatyrasyna olar bir aýdan gowrak wagtlap möwsümiň arasyny üzmeli bolar.
Owal dünýä çempionaty-2030-y geçirmek üçin Urugwaýyň, Argentinanyň, Çiliniň we Paragwaýyň talap hatyny berendigini ýatladýarys. Şeýle hem mundiala Marokko we bilelikdäki talap haty bilen Rumyniýa, Gresiýa, Bolgariýa we Serbiýa dalaş edýär.   


şu gün 13:54
1.4k+

Angliýanyň Premýer-ligasynyň klublary zähmet hakyna çäk girizilmegine garşy çykdylar

Angliýanyň Premýer-ligasynyň futbol klublary zähmet haklaryna çäk girizmek baradaky teklibi ret edip, häzirki girdejililik we durnuklylyk düzgünlerini (PSR) çalyşjak täze maliýe düzgünnamasyny tassyklady. Bu barada The Times gazeti habar berdi...

düýn 17:41
7.2k+

Messi taryhda ilkinji bolup 1300 gol+assist görkezijisine ýetdi

24-nji noýabrda irden Sinsinnatidäki “Ti-Kýu-El Stedium” stadionynda MLS Kubogynyň pleý-offunyň 1/4 finalynyň “Sinsinnati” bilen “Inter Maýaminiň” arasyndaky duşuşygy geçirildi. Oýun “Inter Maýaminiň” 4:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy...

22.11.2025 23:07
9.1k+

“Çelsiniň” futbolçysy Koul Palmer öýünde aýagynyň barmagyny döwdürdi. Ol "Barselona" we"Arsenal" bilen oýunlary sypdyrar

“Çelsiniň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Koul Palmer ýene hatardan çykdy – ol öýünde gije çep aýagyny gapa urup, külbikesini döwdürdi diýip, Bi-bi-si habar berýär. Ýarymgoragçy ýaňy-ýakynda gasyk nogsanlygy sebäpli iki aýdan soň diýen ýaly dikelip, türgenleşiklere gaýdyp gelipdi...

22.11.2025 13:37
9.7k+

Türkmenistanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 5 basgançak ýokary galdy

  Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Futbol federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (FIFA) reýtinginde soňky iki ýylda iň ýokary görkezijisine ýetdi. Milli ýygyndymyz guramanyň ýakynda täzelenen reýtinginde 137-nji basgançaga galdy...