Angliýanyň Premýer-ligasynyň klublary zähmet hakyna çäk girizilmegine garşy çykdylar

  • 25.11.2025 13:54
  • 5k+

Angliýanyň Premýer-ligasynyň futbol klublary zähmet haklaryna çäk girizmek baradaky teklibi ret edip, häzirki girdejililik we durnuklylyk düzgünlerini (PSR) çalyşjak täze maliýe düzgünnamasyny tassyklady. Bu barada The Times gazeti habar berdi.

Çykdajylara çäk girizmek başlangyjy şu güýzde öňe sürüldi. Ol klublaryň geçen möwsümde liganyň iň pes netije görkezen toparynyň teleýaýlym hukuklaryny satmakdan gazanan girdejisiniň bäş essesinden köp harçlamagyny gadagan etmegi göz öňünde tutupdy. Çäklendirmeler oýunçylaryň zähmet haklaryna, bonuslara, tälimçiler ştaby üçin çykdajylara, agent töleglerine we transfer amortizasiýasyna täsir etmelidi.
Ses bermegiň netijesi boýunça bu başlangyjy ýigrimi klubdan diňe ýedisi goldady, on ikisi garşy çykdy, biri saklandy. Çözgüdi kabul etmek üçin goldaýan on dört ses gerekdi.
Şol bir wagtyň özünde, klublar täzelenen maliýe düzgünnamasyny ylalaşdy. Ol squad-cost ratio (SCR) ulgamyna esaslanýar we toparyň düzümi bilen baglanyşykly çykdajylaryň klubuň girdejisiniň 85%-inden ýokary bolmaly däldigini kesgitleýär. Islendik kiçi artykmaçlyk, 30%-e çenli, pul jerimesine getirer.
Eger çykdajylar girdejiniň 115%-inden geçse, klublara sport sanksiýalary bellener. Esasy jeza – ýaryş jedwelinde alty utuk aýyrmak. Şeýle-de, bellenilen çäkden artyk her 6,5 mln funt sterling üçin goşmaça bir utuk aýrylar.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......