Messi taryhda ilkinji bolup 1300 gol+assist görkezijisine ýetdi

  • 24.11.2025 17:41
  • 9.5k+

24-nji noýabrda irden Sinsinnatidäki “Ti-Kýu-El Stedium” stadionynda MLS Kubogynyň pleý-offunyň 1/4 finalynyň “Sinsinnati” bilen “Inter Maýaminiň” arasyndaky duşuşygy geçirildi. Oýun “Inter Maýaminiň” 4:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.

Ýeňijileriň düzüminde üç argentinaly oýunçy – Lionel Messi (19-njy minutda kelle urgusy), Mateo Silwetti (57) we Tadeo Alýende (iki gol, 62 we 74) tapawutlandy. Şeýle-de, Messi üç assist etdi.
“Inter Maýaminiň” soňky alty oýnunda Messi 11 gol geçirdi. Pleý-offy goşmak bilen, häzirki möwsümde onuň hasabynda 32 oýunda 35 gol we 17 assist bar.
Bu oýun Messi üçin aýratyn boldy: ol futbol taryhynda ilkinji bolup 1300 gol+assist belligine ýetdi. Mundan başga-da, argentinalynyň hasabynda indi karýerasynyň dowamynda 404 assist bar – bu görkeziji boýunça ol Ferens Puşkaşa degişli hasap edilýän rekordy gaýtalady. Şol bir wagtyň özünde, Puşkaşyň statistikasyny resmi taýdan tassyklaýan maglumatlar ýok. Indiki assist argentinaly oýunçyny futbol taryhynda bu görkeziji boýunça ýeke-täk lidere öwrer.
MLS Kubogynyň ýarym finalynda Hawýer Maskeranonyň topary 1/4 finalda “Filadelfiýa Ýuniony” 1:0 hasabynda utan “Nýu-Ýork Siti” bilen duşuşar.
Bular bilen birlikde indiki tapgyra “Los-Anjelesi” 2:2 hasapdan soň penaltide 4:3 hasabynda utan “Wankuwer Uaýtkeps” çykdy. Soňky dörtden bir final oýny 25-nji noýabrda “San-Diego” bilen “Minnesota Ýunaýtediň” arasynda bolar. 


düýn 16:49
5.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.8k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.3k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.5k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....