Гурбангулы Бердымухамедов посетил Марыйскую детскую больницу

  • 05.09.2022 01:50
  • 11k+

3-nji sentýabrda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz sebitdäki işleriň ýagdaýy, bejergi alýan çagalaryň saglygyny berkitmek ugrunda welaýatyň çagalar hassahanasynyň lukmanlarynyň alyp barýan işleri, täze gurlan ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň amatly ýaşamagy we dynç almagy üçin döredilen  şertler bilen tanyşdy, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarydyr mugallymlary bilen duşuşdy, Mary şäherindäki Gurbanguly hajy metjidine baryp gördi.

Gahryman Arkadagymyz welaýatyň çagalar hassahanasynda bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy hem-de olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyň Başlygy bejergi alýan çagalaryň doly sagalýança gözegçilikde saklanjakdygyny, olara zerur goldawlaryň beriljekdigini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz bu çagalara Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan degişli ýardam beriljekdigini belledi hem-de ene-atalara çagalarynyň tiz sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.  Hassahanada operasiýa taýýarlyk üçin degişli bejergini alýan çaga hormatly Arkadagymyza täze öwrenen goşgularyny okap berdi. Onuň ejesi çagalaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň saglygy barada döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigi üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar hassahanasynda bejergi alýan körpelere sowgatlary gowşuryp, döwletimiziň geljekde-de hassahanalarda lukmançylyk kömegini alýan çagalaryň saglygy bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegini üns merkezinde saklajakdygyny aýtdy.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Новое лекарство от потери волос помогло 80% участников исследования

Человечеству известно множество причин выпадения волос, однако эффективных средств борьбы с этим процессом по-прежнему крайне мало. В ходе новых клинических испытаний экспериментальный препарат в виде таблеток......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....

09.06.2026 23:14
7.7k+

Популярные среди знаменитостей балетки могут привести к проблемам со стопами

Врачи предупредили о возможных проблемах со здоровьем, связанных с длительным ношением балеток. По словам специалистов, такая обувь может стать причиной хронических болей и деформации стопы....

08.06.2026 07:29
3.4k+

ВОЗ направит $518 млн на борьбу со вспышкой Эболы в Африке

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) и Африканские центры по контролю и профилактике заболеваний представили шестимесячный план стоимостью 518 миллионов долларов для борьбы со вспышкой лихорадки Эбола в......