Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi: 690 müň gektara bugdaý ekiler

  • 03.09.2022 08:44
  • 6.3k+

2-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy.

Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, oňat taýýarlanan topraga: “Her bir dänäň müň bolsun!” diýen sözler bilen bugdaýyň ilkinji tohumlaryny sepip, nobaty mehanizatorlara berdiler.
Ýurdumyzda 690 müň gektara bugdaý ekiler. Daýhanlar şonça meýdandan 2023-nji ýylda 1 million 400 müň tonna bugdaý, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň, Mary welaýatynda 345 müň, Lebap welaýatynda 310 müň, Daşoguz welaýatynda 265 müň we Balkan welaýatynda 80 müň tonna däne ýygnamagy maksat edinýärler. Ekişe azyklyk bugdaýyň ýokary hasylly “Sähraýy”, “Ýolöten-3”, “Juwan”, “Ýolöten-1”, “Miras”, “Berkarar”, “Garaşsyzlyk”, “Bitarap” görnüşleriniň tohumlary taýýarlanyldy.
Şu möwsümde Türkmenistan boýunça dünýäniň öňdebaryjy “John Deere”, “CLAAS”, “Case” ýaly kompaniýalaryndan satyn alnan ýer sürüji traktorlaryň 1972-si, ekijileriň we bejergi traktorlarynyň 1545-si hem-de daýhanlaryň zähmet öndürijiligini artdyrmak üçin beýleki serişdeler ulanylar.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Ak üzüm” daýhan hojalygynda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Goç”, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň “Türkmenistan”, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Watan”, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary geçirildi.


27.12.2025 11:20
5.2k+

Maslahat köşgünde 2026-njy ýyly garşylamak mynasybetli çagalaryň baýramçylyk çäresi geçirildi

26-njy dekabrda Aşgabatdaky Maslahat köşgünde çagalaryň gatnaşmagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan täze ýyly garşylamak mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi...

27.12.2025 11:14
19k+

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

26-njy dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi...

26.12.2025 22:50
21k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda 2026-njy ýylyň şygaryny yglan etdi

2026-njy ýyl Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow 26-njy dekabrda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde täze ýylyň şygaryny hem-de nyşanyny tassyklady...

26.12.2025 09:45
5.3k+

“Mekan” köşgünde Türkmenistanyň 2025-nji ýylda gazanan üstünliklerine bagyşlanan dabara geçirildi

25-nji dekabrda Aşgabatdaky “Mekan” köşgünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň guramagynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary” atly dabara geçirildi. Oňa Hökümet agzalary...