Entoni Joşua Jeýk Pol bilen söweşde gazanan pulundan 49 mln dollar salgyt tölär

  • 24.12.2025 13:28
  • 16k+

IBF, WBA, WBO we IBO boýunça superagyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger-boksçy Jeýk Pola garşy söweş üçin gazanan hakyndan, takmynan, 48,6 mln dollar salgyt tölemeli bolar. Bu barada Yahoo Sports habar berýär.

Söweş 20-nji dekabrda Florida ştatynyň Maýami şäherinde geçirildi we Joşuanyň altynjy raundda nokaut arkaly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, söweşijileriň ikisi-de 93 mln dollar gazandy.
Söweşiň ABŞ-nyň çäginde geçendigi üçin Joşuanyň gonorary iň ýokary – 37% goýum boýunça federal girdeji salgydynyň täsirine düşýär. Pul aňlatmasynda bu, takmynan, 34,5 mln dollara barabar.
Mundan başga-da, Entoni Joşua Beýik Britaniýanyň raýaty bolandygy üçin Britaniýanyň salgyt kanunyna laýyklykda, daşary ýurtlarda gazanan girdejisinden salgyt tölemäge borçlanýar. Yahoo Sports-yň hasaplamalary boýunça, bu mukdar 14,1 mln dollar bolar.


08.05.2026 10:25
5k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....

04.05.2026 12:23
7.6k+

«Monstr» ýeňilmezligine galdy: Naoýa Inoue dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue Tokioda watandaşy Dzýunto Nakatanini ýeňip, ikinji ýeňil agramda (55,22 kg çenli) dünýäniň absolýut çempiony adyny gorady....

24.04.2026 14:35
6.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......

07.04.2026 00:00
6.6k+

Tim Szýu WBO International guşagyny eýeledi

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi....