Jeki Çan gadymy Pompei şäherinden Olimpiýa alawyny göterip geçdi

  • 24.12.2025 13:17
  • 13k+

Aktýor Jeki Çan 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasyndaky estafetanyň çäklerinde gadymy rim şäheri Pompeiden Olimpiýa alawynyň fakelini göterip geçdi. Bu barada NBC News teleýaýlymy habar berýär.

Artist üçin bu estafeta üçünji gezek gatnaşmagy boldy. Ozal ol 2008-nji ýylda Pekindäki tomus we 2022-nji ýylda gyşky Oýunlarda fakel göteriji bolupdy.
Çäräniň meýilnamasy indiki tapgyrlarda titul gazanan türgenleriň gatnaşmagyny göz öňünde tutýar. 23-nji dekabrda Neapolda Olimpiýa nyşanyny Italiýanyň milli ýygyndysynyň öňki futbolçylary: Özbegistanyň milli ýygyndysynyň häzirki baş tälimçisi Fabio Kannawaro we 1990-njy ýylyň dünýä çempionatynyň baýrakçysy Çiro Ferrara göteripdi. Bu tapgyr tamamlanandan soň, ýöriş Roždestwo baýramçylygy üçin togtadylar.
Umumy ýol aralygy, takmynan, 12 müň kilometre barabar. Ýöriş dabaraly ýagdaýda 6-njy fewralda Milandaky «San-Siro» stadionynda tamamlanar. Hut bu ýerde Oýunlaryň resmi açylyşy bolar.
Gyşky Olimpiada 2026-njy ýylyň 6 – 22-nji fewralynda geçer. Kabul etjek esasy şäherler Milan we Kortina-d’Ampesso bolar.


düýn 20:10
5.7k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....