Täjigistan ýurda geleniňde serhetdäki koronawirus çäklendirmelerini ýene girizýär

  • 28.08.2022 08:41
  • 14207
Täjigistan ýurda geleniňde serhetdäki koronawirus çäklendirmelerini ýene girizýär

Indi Täjigistana geleniňde PZR-barlagynyň netijesini ýa-da COVID-19-a garşy sanjym şahadatnamasyny bermeli. Bu çäreler beýleki ýurtlarda kesel hadysasynyň ýokarlanmagy bilen baglylykda COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin epidemiýa garşy çäklendirmeleri güýçlendirmek boýunça respublikan ştaby tarapyndan girizildi diýip, Tajigistanyň Milli habarlar agentligi “Howar” ýazýar. Muny centralasia.media ýetirýär.

Agentlik iýul aýynyň başynda respublikanyň serhedinde gelýänleriň ählisiniň temperaturasynyň ölçenip başlanandygyny ýatlap geçýär. Kimiň temperaturasy ýokary bolsa, oňa PZR-barlagyndan geçmek tabşyrylypdy.
Täjigistanyň Saglygy goraýyş we sosial gorag ministrliginiň resmi maglumatlaryna görä, ýurtda 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri COVID-19 bilen kesellän ýekeje-de adam hasaba alynmady. Şol bir wagtyň özünde ýerli ýaşaýjylaryň, takmynan, 90%-i ýokanja garşy sanjym aldy.


25.10.2023 17:56
6862

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Duşenbede halkara gurjak teatrlarynyň festiwalyna gatnaşýar

24-nji oktýabrda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde «Çodari haýol» atly VII halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly öz işine başlady. Oňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem gatnaşýar. Türkmenistanyň...

20.10.2023 15:24
13493

«Gyzyl kürte» filmi «Toji Somon» halkara film festiwalynda görkezildi

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýaş kinorežissýorlar topary 15-nji oktýabrdan 19-njy oktýabr aralygynda Duşenbe şäherinde geçirilen ilkinji «Toji Somon» film festiwalyna gatnaşdy diýip, «Türkmenistan:...

03.10.2023 23:41
4105

Türkmenistan Duşenbe şäherinde 11-nji Halkara kitap sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň ilçihanasy 3-5-nji oktýabr aralygynda Duşenbe şäherinde «Kitap Duşenbe-2023» ady bilen geçirilýän 11-nji Halkara kitap sergisinde Garaşsyz we Hemişelik Bitarap ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatyna...

26.09.2023 22:31
4779

Türkmen talyplary Täjigistanda geçiriljek Halkara gurjak teatrlarynyň festiwalyna gatnaşarlar

24-29-njy oktýabr aralygynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde “Çodari haýol” ady bilen VII Halkara gurjak teatrlarynyň festiwaly geçiriler. Bu barada şäheriň “Luhtak” döwlet gurjak teatry habar berdi diýip, “Howar”...