Täjigistan ýurda geleniňde serhetdäki koronawirus çäklendirmelerini ýene girizýär

  • 28.08.2022 08:41
  • 14k+

Indi Täjigistana geleniňde PZR-barlagynyň netijesini ýa-da COVID-19-a garşy sanjym şahadatnamasyny bermeli. Bu çäreler beýleki ýurtlarda kesel hadysasynyň ýokarlanmagy bilen baglylykda COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin epidemiýa garşy çäklendirmeleri güýçlendirmek boýunça respublikan ştaby tarapyndan girizildi diýip, Tajigistanyň Milli habarlar agentligi “Howar” ýazýar. Muny centralasia.media ýetirýär.

Agentlik iýul aýynyň başynda respublikanyň serhedinde gelýänleriň ählisiniň temperaturasynyň ölçenip başlanandygyny ýatlap geçýär. Kimiň temperaturasy ýokary bolsa, oňa PZR-barlagyndan geçmek tabşyrylypdy.
Täjigistanyň Saglygy goraýyş we sosial gorag ministrliginiň resmi maglumatlaryna görä, ýurtda 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri COVID-19 bilen kesellän ýekeje-de adam hasaba alynmady. Şol bir wagtyň özünde ýerli ýaşaýjylaryň, takmynan, 90%-i ýokanja garşy sanjym aldy.


29.04.2026 16:11
5.9k+

Duşanbede «akylly» ýolyşyklar gurnalyp başlandy

Duşanbe şäherinde ýol infrastrukturasyny täzelemek boýunça giň gerimli işler başlandy. Onuň dowamynda Täjigistanyň paýtagtynyň şaýollaryndaky we köçelerindäki ähli köne ýolyşyklar döwrebap «akylly» enjamlar......

22.08.2025 13:11
4.4k+

Täjigistandaky gadymy Mugtepa şäher harabaçylygynda keramik suw geçiriji tapyldy

Täjigistanyň Hujand döwlet uniwersitetiniň arheologlary gadymy Mugtepa şäher harabaçylygynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda birnäçe artefaktlary, şol sanda gadymy suw geçirijini tapdy. Tapyndy nobatdaky gezek Merkezi Aziýada ýaşan halklaryň ýokary inženerlik bilimine eýe bolandygyny görkezdi diýip, Arkeonews ýazýar...

07.07.2025 13:35
6.9k+

Täjigistanda eýesiniň ady ýazylan I-III asyrlaryň küýzesi tapyldy

Arheologlar Täjigistanda Kuşan imperiýasy döwründe ýaşan bir aýalyň adyny saklaýan baktriýa dilindäki ýazgy bilen keramiki gaby tapdy. Tapyndy Sarband obasynyň golaýyndaky gadymy Halkajar şäherçesinde ýüze çykaryldy diýip, The Times of Central Asia-a salgylanyp, Archaeology Magazine habar berýär...

10.11.2024 23:27
11k+

Arheologlar Täjigistanda gadymy adamlaryň mesgen tutan ýerini tapdylar

Ierusalimiň Ýewreý uniwersitetiniň we Täjigistanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň arheologlary Merkezi Täjigistanyň Zerawşan jülgesinde möhüm açyş etdiler. Soýi Hawzakyň köp gatly arheologiki ýadygärliginde gadymy...