Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri täze sepgide ýetdiler

  • 01.04.2026 18:38
  • 16k+

2025-nji ýylda «Toyota» Türkmenistanda taryhy netije gazandy – kompaniýanyň resmi distribýutory «Toyota Central Asia FZE» tarapyndan satylan ulaglaryň möçberi ähli döwürleriň görkezijisi bilen deňeşdirilende, iň ýokary derejä ýetdi.

Bu möhüm üstünlik mynasybetli resmi dilerler — «Beýik Ýüpek Ýoly» we «Garagum Ulag» öz diler merkezlerinde dabaraly çäreleri guradylar.

Çäräniň esasy pursatlarynyň biri ýubileý müşderileriň sylaglanmagy boldy:

— «Beýik Ýüpek Ýoly» diler merkezinde — Gurbangeldi Annaýew

— «Garagum Ulag» diler merkezinde — Atageldi Mätjiew

Çäräniň çäklerinde müşderilere ýörite sowgatlar gowşuryldy — 3 ýylyň dowamynda ýa-da 60 müň km ýol geçilýänçä 6 gezek tölegsiz tehniki hyzmaty öz içine alýan giňeldilen hyzmat ediş bukjasy hödürlendi.

Müşderileriň biri «Beýik Ýüpek Ýoly» diler merkezinden «Toyota Hiace» kysymly awtoulagy satyn aldy — bu ulag täjirçilik işlerinde hem-de maşgala syýahatlarynda giňden ulanylýan amatly we ygtybarly mikroawtobusdyr.

Başga bir müşderi meşhur «Toyota Land Cruiser Prado» awtoulagynyň eýesi boldy — bu model öz köpugurlylygy we ýokary geçijiligi bilen tanalýar, şol sebäpli hem şäher şertlerinde we ýolsuz ýerlerde deň derejede netijeli ulanylýar.

Şunuň ýaly başlangyçlar müşderileriň resmi «Toyota» awtoulaglaryna bildirýän ýokary ynamynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar we kompaniýanyň Türkmenistanyň awtoulag bazaryndaky ornuny has-da berkitmäge bolan maksadyny şöhlelendirýär.

«Garagum Ulag» (GU):

Aşgabat ş.,  Oguzhan köç. (Aýtakow)., 7/A — tel.: 43 70 57, +993 65113774

Balkanabat ş., M37 ýoly, 52-nji bina («Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň ýany) —
tel.: +993 62 87 05 55

 «Beýik Ýüpek Ýoly» (BÝÝ):

Aşgabat ş., Hoja Ahmet Ýasawy köç., 39 — tel.: 76 10 42


10.06.2026 18:39
3.6k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.3k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4.1k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
8.2k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....