Apple iOS 16-nyň täze beta-wersiýasyny çykardy

  • 11.08.2022 13:26
  • 12548
Apple iOS 16-nyň täze beta-wersiýasyny çykardy

Apple iOS 16-nyň bäşinji beta-wersiýasynda iPhone-nyň zarýadynyň göterim sanyny batareýasynyň belgisine gaýtaryp getirdi. Bu barada The Verge portaly habar berýär.

Ilkibaşdan köne iPhone-larda göterimler belginiň çep tarapynda ýerleşýärdi. Emma iPhone X modelden başlap, Apple bu praktikadan ýüz öwürmegi karar etdi — onsuzam kese kesikden ýaňa ekranyň ýüzünde ýer azdy. Smartfonyň zarýadynyň näçe azalandygyny bilmek üçin  «Dolandyryş nokadyna» girmeli bolýardy – başga çäre ýok.
iOS 16-nyň çykmagy bilen bu mesele çözüler — göterimler batareýanyň täzelenen belgisi bilen gaýdyp gelerler. The Verge-niň habar bermegine görä, operasion ulgamyň täze wersiýasynyň beta-testeri bilen bu funksiýany «Akkumulýator» bölüminde aýratyn  işletmeli bolar. Şol bir wagtda iPhone XR-de, iPhone 11-de, iPhone 12 mini-de we iPhone 13 mini-de bu funksiýa elýeter däldir. Megerem, iOS 16-nyň ählumumy görkezilişine çenli bu düzedilse gerek.
Apple operasion ulgamynyň täze wersiýasy bolan iOS 16 iPhone-nyň eýelerine 2022-nji ýylyň sentýabrynda gowşar.


17.05.2024 13:26
5895

“Döredijiligi ýok etmek mümkin däl”: Samsung Apple-iň dawaly mahabatynyň "dowamyny" çykardy

Samsung Apple kompaniýasynyň iPad Pro bilen bagly soňky dawaly mahabatynyň üstünden gülmek mümkinçiligini elden gidirmedi. Kompaniýa bu mahabata jogap hökmünde dürli päsgelçiliklere garamazdan, döredijiligiň gülleýändigini...

16.05.2024 07:12
10761

iPhone 16 Pro öňküsinden hem has professional kameralara eýe bolar

Apple-iň täze flagmanlary bolan iPhone 16 Pro we iPhone 16 Pro Max kamerasynyň düýpli täzelenmelerini alar. 9To5Mac-yň žurnalistleriniň berýän maglumatlaryna görä, ol ykjam fotosurata alyş bazaryndaky iň gowularyň...

15.05.2024 11:52
6077

Apple eplenýän iPhone we MacBook döretmek üçin ýene-de Samsung bilen hyzmatdaşlyk eder

DigiTimes-iň habar bermegine görä, Apple we Samsung eplenýän enjamlary ösdürmek barada şertnama baglaşdy. Jikme-jiklikler entek aýan edilmese-de, bu şertnama Apple-iň eplenýän enjamlar dünýäsine äden möhüm ädimi...

13.05.2024 10:49
6413

Apple iPhone 16 Pro-nyň ekranlarynyň ýagtylygyny ep-esli ýokarlandyryp biler

Ýakynda çykjak flagman iPhone 16 Pro-nyň displeýleri SDR-kontenti oýnadylanda ozalkydan 20% ýagty bolar. Rozetked portaly bu barada hytaýly insaýderlere salgylanyp ýazýar. Syzdyrmalara görä, displeýleriň adaty...