Apple iPhone 16 Pro-nyň ekranlarynyň ýagtylygyny ep-esli ýokarlandyryp biler

  • 13.05.2024 10:49
  • 7k+

Ýakynda çykjak flagman iPhone 16 Pro-nyň displeýleri SDR-kontenti oýnadylanda ozalkydan 20% ýagty bolar. Rozetked portaly bu barada hytaýly insaýderlere salgylanyp ýazýar.

Syzdyrmalara görä, displeýleriň adaty ýagtylygy ozalky 1000 nite garaňda 1200 nite ýeter. Iň ýokary HDR ýagtylygy 1600 nitde üýtgewsiz galar.
iPhone 16-ň tanyşdyrylyş dabarasynyň 2024-nji ýylyň güýzüne meýilleşdirilendigini ýatladýarys. Kämilleşdirilen ekranlardan başga-da, smartfonlaryň Pro wersiýalarynda has uly displeýler, täze Apple A18 prosessor we gapdal “Capture” düwmesi bolar.
iPhone 16 we 16 Plus-yň dizaýnynda dik kamera blogy saklanyp, olarda iň az üýtgeşmelere garaşylýar.


21.06.2026 21:09
1.1k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....