Apple awtoulag döretmek üçin Lamborghini-niň öňdebaryjy menejerini hakyna tutdy

  • 02.08.2022 07:05
  • 18k+
Apple awtoulag döretmek üçin Lamborghini-niň öňdebaryjy menejerini hakyna tutdy

Apple kompaniýasy Luiji Taraborrellini hakyna tutdy, ol öň 20 ýyldan gowrak wagt Lamborghini-niň esasy top-menejerleriniň biri bolupdyr we Urus, Huracan, Aventador we ş.m. awtoulaglary döretmegiň üstünde işläpdir.

Automotive News Europe-niň habar bermegine görä, bu Apple-iň öz hususy ulagyny işläp taýýarlamagyň üstünde işjeň işleýändigine şaýatlyk edýär.  IT ägirdine şassini, dest dolandyryşyny, tormozlary we awtoulagyň beýleki böleklerini döretmäge we sazlamaga hut Luiji Taraborrelli kömek bermeli.
Apple-de däp bolşy ýaly, awtoulagyň döredilişiniň geljegi hakynda gürrüň bermekden boýun gaçyrýarlar. Şeýle hem bolsa, öň kompaniýa Ford-yň, BMW-niň, Tesla-nyň, Porsche-niň, Aston Martin-iň we beýleki awtoulag konsernleriniň birnäçe tejribeli inženerlerini hakyna tutupdy.
Apple-iň birinji awtoulagy 2025-nji ýylda görkeziler diýip garaşylýar. Megerm, ol ýolda özbaşdak hereket edip bilýän awtopilot ulgamly ulag bolsa gerek.


16.11.2024 07:41
3.9k+

Dünýäde gibrid we elektrik awtomobilleriň satuwy 35% ýokarlandy

Oktýabr aýynda birikdirilýän gibrid we doly elektrik awtomobilleriň global satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35% ýokarlandy. Ösüşe iň uly goşant goşan Hytaý bolup, bu ýerde şeýle modelleriň...

15.11.2024 13:08
8.2k+

Xiaomi bary-ýogy 230 günde 100 000 awtomobil çykardy

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi SU7 modelinden 100 000 awtomobil çykarandygyny habar berdi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş müdiri Leý Szýunyň aýtmagyna görä, şeýle önümçilik möçberine ýetmek üçin 230 gün gerek boldy...

11.11.2024 10:05
8k+

Tesla Model S Plaid dünýäde iň tiz polisiýa awtoulagy boldy

ABŞ-nyň Unplugged Performance kompaniýasy amerikan polisiýasy üçin ýörite işlenip taýýarlanan Tesla Model S Plaid elektrokarynyň kämilleşdirilen wersiýasyny hödürledi. Kompaniýa onuň dünýäde iň tiz polisiýa awtomobilidigini...

06.11.2024 10:18
9.1k+

Hakyky “amerikaly” saýylýan awtoulagyň haýsydygy aýdyldy

Tesla ABŞ-yň bazaryndaky tüýs “amerikan” awtoulag brendleriniň biri hökmünde statusyny ýene bir gezek tassyklady. Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugynyň (NHTSA) ýakynda beren hasabatyna görä, Tesla...