Toyota birnäçe zawodynda önümçiligini togtadýar

  • 21.07.2022 22:49
  • 19564
Toyota birnäçe zawodynda önümçiligini togtadýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada önümçiligini togtatmak meýilleri barada mälim etdi: şaý toplumlarynyň ýetmezçiligi we COVID-19-yň ýaňadan örç almalary bilen baglanyşykly alty zawodda dokuz liniýanyň işi togtadylar, olar awgustyň 1-den 31-i aralygynda 18 günläp işsiz durar.

COVID-19-yň täze ştammynyň ýaýramagy we ýarymgeçirijileriň ýetmezçiligi bilen bagly entegem dowam edýän düýpli kynçylyklar - Toyotanyň öz zawodlaryny doly güýjünde işledip bilmeýänliginiň esasy sebäpleri bolup durýar. Mundan hem başga, kompaniýa güýzde we ondan soňraky boljak ýagdaýlary öňünden çaklap bilenok.
Üstümizdäki ýylyň awgust aýynda Toyotanyň ýapon zawodlary meýilleşdirilenden 50 müň ulagy kem goýberer, Toyotanyň  iýul aýynda umumy dünýä möçberindäki önümçiligi, takmynan, 700 müň ulagdan ybarat, olaryň 200 müň sanysy Ýaponiýada çykarylmaly.
Iýul aýynda Toyota  kompaniýasy Toyota RAV4-iň, Harrier-iň, Grown-yň, Noah-yň, Voxy-niň, MIRAI-niň, bZ4X-iň we GR Yaris-iň, şeýle hem az mukdarda goýberilýän Lexus LG kaşaň kupeniň goýberilýän Motomaçi we Takaoke zawodlarynda dört liniýanyň togtadyljakdygyny mälim etdi.


14.05.2024 13:15
29142

Täze Toyota Camry 2025 öňküsinden has arzan we tehnologiki taýdan ösen bolup çykdy

Iň täze Toyota Camry 2025 diňe bir köp sanly tehnologiki gowulandyrmalara eýe bolman, eýsem, öňküsinden has güýçli hem-de arzan boldy. IXBT-iň maglumatlaryna görä, esasy üýtgeşiklik - benzin hereketlendirijilerinden...

11.05.2024 15:57
6036

Toyota BYD-nyň gibrid platformasyna geçer: bir doly bakda 2000 km

Ýaponiýanyň Toyota awtoulag ägirdi Hytaýyň BYD kompaniýasynyň peýdasyna öz gibrid ulgamyndan el çeker diýip IXBT habar berýär. Hytaýyň metbugat çeşmeleri Toyota-nyň ýakyn iki-üç ýylda çykjak birnäçe täze modelini...

08.05.2024 23:36
21469

Toyota täzelenen Highlander 2024-i iýunda çykarar: ol öňküden sessiz, akylly, tehnologik bolar

Täzelenen Toyota Highlander 2024 iýun aýynda görkeziler. Tanyşdyrylyş dabarasynyň öňüsyrasynda GAC Toyota bilelikdäki kärhananyň söwda dellaly geljekki krossower barada käbir maglumatlary açdy diýip, dongchedi...

07.05.2024 08:27
26240

Toyota-nyň iň ygtybarsyz modelleri aýdyldy. Olaryň eýeleri nämeden närazy?

Soňky 80 ýylda Toyota kompaniýasy iň ygtybarly awtomobilleri öndürijileriň biri hökmünde abraý gazanmagy başardy, onuň awtomobilleri Birleşen Ştatlarda uly meşhurlykdan peýdalanýar. 2023-nji ýylda Corolla, Camry...