Toyota-nyň iň ygtybarsyz modelleri aýdyldy. Olaryň eýeleri nämeden närazy?

  • 07.05.2024 08:27
  • 27k+

Soňky 80 ýylda Toyota kompaniýasy iň ygtybarly awtomobilleri öndürijileriň biri hökmünde abraý gazanmagy başardy, onuň awtomobilleri Birleşen Ştatlarda uly meşhurlykdan peýdalanýar. 2023-nji ýylda Corolla, Camry, Tacoma we RAV4 modelleriniň öz klaslarynda iň köp satylan awtoulaglar bolmagy-da muny tassyklaýar.

Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň hem beýleki brendler ýaly awtoulag eýeleri üçin mesele döredýän ulaglary bar. HotCars portaly Toyota awtomobilleriniň eýeleriniň JD Power-de, Consumer Reports-da we beýleki çeşmelerde paýlaşan maglumatlaryna esaslanyp, haýsy modelleriň ygtybarlylygynyň pesdigini anyklady.
Şeýlelikde, 2024-nji ýylda Toyota bZ4X iň ygtybarsyz model boldy. JD Power kompaniýasynyň hünärmenleri ony mümkin bolan 100 baldan 64 bal bilen bahalandyrdylar. Bu beýleki Toyota awtoulaglarynyň ortaça görkezijisinden 10 punkt azdyr. Consumer Reports bolsa oňa has pes baha berýär – 47/100.
Bu modeliň eýeleri gurnama işleriniň we transmissiýanyň hiline nägilelik bildirýärler. Şeýle-de, ýygy-ýygydan awtomobiliň elektronikasy, şol sanda maglumat-dynç alyş ulgamy, içerki kameralar, howpsuzlyk sistemalary bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykýar. Käbir müşderiler krossoweriň akkumulýatorynyň duralgada iki hepdäniň dowamynda zarýadsyzlanmagyndan zeýrenýärler.
Soňky 20 ýylda iň ygtybarsyz Toyota 2021-nji ýylyň GR Supra sportkupesi boldy. Bu modeliň esasy meseleleri ýagyň köp sarp edilmegi we howpsuzlyk kemeriniň işi bilen baglanyşyklydyr.
Taryhda iň ygtybarsyz Toyota bolsa Sienna miniweni boldy. Onuň gapy mehanizmi çalt hatardan çykýar, enjam paneli şatyrdaýar, kislorod datçigi döwülýär.


düýn 01:38
5.7k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
10k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

09.06.2026 15:11
3.4k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

07.06.2026 19:49
3.1k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......