Pagani elektroulaga geçmekden boýun gaçyrdy

  • 20.07.2022 15:07
  • 8.1k+
Pagani elektroulaga geçmekden boýun gaçyrdy

Pagani kompaniýasynyň ýolbaşçysy Gorasio Pagani öz şereketiniň superkarlarynyň benzinli V12-leri saklajakdygyny, bu golaýda elektro hereketlendijilere  geçmegi meýilleşdirmeýändigini mälim etdi. Onuň Autocar-a beren gürrüňinde aýdyşy ýaly, elektromobiliň geljegini ol 2018-nji ýyldan bäri barlag edýär we häzirlikçe onuň netijesine kanagatlanarly diýip bolmaz.

Şereketiň pikirine görä, elektriki giperkarlaryň esasy meselesi - batareýalarynyň agramy. Ýeterlik mukdardaky ýöreýiş ätiýaçlygy bilen üpjün etmek üçin olara agramy 600 kg töweregi bolan akkumulýatorlar gerek bolýar, bu bolsa Pagani Huayra R-nyň  (1070 kilogramm) özüniň ýarpy agramyndan hem kändir.  
Ondan hem başga, Gorasio Paganiniň sözlerine görä, eletromotorlar häzir täsin galdyrýan ösüşi üpjün etmäge ukyply, ýöne bu mynasyp giperkardan talap edilýän ýeke-täk zat däldir. Pagani dolandyrylyşyna we sürüjiniň duýgusyna üns berýär. 
Kompaniýanyň hasaplamalaryna görä, elektrosuperkaryň agramy 1300 kilogrammdan geçmese, uzaga giderdi, ýöne häzirlikçe bu tehniki taýdan bolmajak zat. Şonuň üçin  kompaniýa benzinli V12-leri kämilleşdirmegini dowam eder. Daş-töwerege ýetýän täsir barada aýdylanda bolsa, Gorasio Pagani kompaniýanyň önümçilik göwrüminiň çynlakaý garardan juda ujypsyzdygyny aýdýar. 


16.11.2024 07:41
3.9k+

Dünýäde gibrid we elektrik awtomobilleriň satuwy 35% ýokarlandy

Oktýabr aýynda birikdirilýän gibrid we doly elektrik awtomobilleriň global satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35% ýokarlandy. Ösüşe iň uly goşant goşan Hytaý bolup, bu ýerde şeýle modelleriň...

15.11.2024 13:08
8.2k+

Xiaomi bary-ýogy 230 günde 100 000 awtomobil çykardy

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi SU7 modelinden 100 000 awtomobil çykarandygyny habar berdi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy we baş müdiri Leý Szýunyň aýtmagyna görä, şeýle önümçilik möçberine ýetmek üçin 230 gün gerek boldy...

11.11.2024 10:05
8k+

Tesla Model S Plaid dünýäde iň tiz polisiýa awtoulagy boldy

ABŞ-nyň Unplugged Performance kompaniýasy amerikan polisiýasy üçin ýörite işlenip taýýarlanan Tesla Model S Plaid elektrokarynyň kämilleşdirilen wersiýasyny hödürledi. Kompaniýa onuň dünýäde iň tiz polisiýa awtomobilidigini...

06.11.2024 10:18
9.1k+

Hakyky “amerikaly” saýylýan awtoulagyň haýsydygy aýdyldy

Tesla ABŞ-yň bazaryndaky tüýs “amerikan” awtoulag brendleriniň biri hökmünde statusyny ýene bir gezek tassyklady. Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugynyň (NHTSA) ýakynda beren hasabatyna görä, Tesla...