Aurus Merlon elektromotosikliniň tapgyrlaýyn önümçiligi 2024-nji ýylda başlanar

  • 06.07.2022 12:44
  • 14k+

2024-nji ýylda Aurus Merlon elektromotosikliniň tapgyrlaýyn önümçiligine başlanar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Senagat we söwda ministrliginiň ýolbaşçysy Denis Manturow "Innoprom" halkara senagat sergisinde resmi däl gürrüňdeşlikde žurnalistlere habar berdi. 

Ýolbaşçy degişli soraga: «2024-nji ýylda» — diýip jogap berdi.
Ministriň sözlerinden çen tutsaň, ol eýýäm elektromotosiklde aýlanyp görüpdir we täze ulaga oňyn baha berýär.
Ministrligiň resmi Telegram-kanalynda motosikliň adynyň tötänden saýlanmandygy bellenýär. «Merlon - bu Kremliň diwarynyň kertigi, motosikl bolsa resmi wekiliýetleri ugratmak üçin döredilýär" - diýip, ol ýerde aýdylýar.
Aurusyň modelleri Moskwa Kremliniň Senat, Komendant we Arsenal diňleriniň hormatyna atlandyrylandyr: limuzin bilen sedan Senat adyny aldylar, wnedorožnige - Komendant, miniwene bolsa Arsenal ady dakyldy.

Öň, TmCars.info Türkmenistanyň ilkinji Aurus Senat Limousine ulagyny satyn alandygyny habar beripdi. 


düýn 15:41
2.1k+

Tesla-nyň satuwy 13% pese gaçdy, kompaniýa kyn döwri başdan geçirýär

2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde Tesla 384 122 awtomobil satdy, bu bir ýyl ozalkydan 13% azdyr. Kompaniýa yzygider ikinji çärýek satuwyň pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz bolar. Ösüşe gaýdyp gelmek üçin, kompaniýa ýylyň ikinji ýarymynda tas 110 000 ulag artyk satmaly diýip, Bloomberg ýazýar...

düýn 14:41
3.6k+

Hindistanda 275 ýewro bahadan köpçülikleýin elektrokar çykaryldy

Hindistanda dünýäde iň elýeterli elektromobil bolan Yakuza Mini Electric Car-yň satuwy başlandy. Onuň bahasy 275 ýewro barabar. Ykjam ulag şäher şertleri üçin niýetlenip, eýýäm ýurtdan daşary hem ünsi çekdi. Ol resmi şahadatnama aldy we konsept hökmünde däl-de, yzygiderli çykarylýar...

04.07.2025 18:35
4.9k+

ABŞ-da elektromobilleriň köne batareýalarynda täze maglumat merkezi işledildi

Newada ştatynda ulanylan elektromobilleriň batareýalaryndan öndürilen energiýa saklaýyş ulgamy bilen işleýän maglumat merkezi açyldy. Taslama Redwood Materials we Crusoe kompaniýalary tarapyndan dört aýyň içinde amala aşyryldy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.07.2025 14:18
5.1k+

Tesla elektromobili ilkinji gezek alyjysynyň öýüne özbaşdak bardy

Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask Tesla Model Y elektrik awtoulagynyň öz-özüni ilkinji gezek müşderä gowşurandygyny habar berdi. Bu barada ol özüniň X sosial ulgamyndaky (öňki Twitter) sahypasynda ýazdy...