Türkmenistanda awtoulaga GPS gözegçiligini oturtmak üçin nirä ýüz tutmaly?

Türkmenistanda awtoulaga GPS gözegçiligini oturtmak üçin nirä ýüz tutmaly?

GPS gözegçilik ulgamynyň işi köplere mälim bolsa gerek. GPS ulag serişdelerine, ýüklere dowam edip duran wagt ýagdaýynda gözegçiligi amala aşyrmaga ýardam edýär. Emma bu ulgamy ornaşdyrmak üçin nirä ýüz tutmaly?
Türkmenistanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini hödürleýän kärhanalaryň biri hem «Ýokary tilsimatlar merkezi» kompaniýasydyr.

GPS ulgamy nähili artykmaçlyklara eýe:

  • Bellenilen obýektiň hut häzirki wagtda duran ýerini anyklap berýär;
  • Bellenilen wagt aralykda ulag serişdesiniň hereket ugruny jikme-jik yzarlaýar, hereket tizligini, duralga eden we ýangyç guýduran ýerlerini, ulag serişdesinde işe girizilen ol ýa-da beýleki mehanizmleri görkezýär;
  • Ýangyç baklarynda ýangyjyň derejesini gözegçilikde saklamaga, häzirki we umumy sarp edişi kesgitlemäge mümkinçilik berýär;
  • Kartada öz gözegçilik nokatlaryňy girizmäge we şol nokatlardan awtoulagyň geçendigini bellige almaga mümkinçilik berýär;
  • Hasabat döwründe ulag serişdesiniň ýa-da başga bir obýektiň işi hakynda statistiki maglumaty özünde saklaýan jikme-jik hasabaty almaga ýardam edýär;
  • Alnan maglumatlary awtoulagyň işini kämilleşdirmäge, bökdençlikleri aradan aýyrmaga ýol berýär;
  • Ulgamy duýduryş we ogurlanmaga garşy enjam hökmünde ulanmaga mümkinçilik berýär.

GPS ulgamy nähili işleýär

Awtoulagda ýa-da obýektde oturdylan GPS terminaly hemra üsti bilen signallary kabul edýär we duran ýerini kesgitleýär. Şonuň bilen bir wagtda awtoulagda oturdylan beýleki datçiklerden hem maglumatlar alynýar. Maglumatlar gaýtadan işlenilip, «Altyn-Asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen «GPS-YTM» serwerine iberilýär. Serwerdäki maglumatlar bolsa, Internetiň üsti bilen müşderiniň kompýuterine geçirilýär.

Ulgama birikmek üçin näme etmeli
Ulgama birikmek üçin «Ýokary tilsimatlar merkezi» kompaniýasy bilen enjamlary oturtmak hakynda şertnama baglanyşmaly we ulag serişdelerine zerur bolan enjamlary oturtmaly. Ähli işler  «ÝTM» kompaniýasynyň işgärleri tarapyndan amala aşyrylýar. Müşderä kompýuterine goşmaça programma üpjünçiligini oturtmaga zerurlyk ýok. Gözegçilik etmek ulgamy internet ulgamy birikdirilen islendik kompýuterden web-interfeýsiniň kömegi bilen elýeterlidir.
Ulgamda şeýle hem obýektiň hereketi hakynda habarnama funksiýasy hem bar (mysal üçin, tizligiň ýokarlandyrylmagy, obýektiň duran ýeri, datçikleriň görkezijileri we ş.m.). Habarnama e-mail ýa-da SMS görnüşinde iberilip ýa-da ulgamda bellige alnyp bilner.

ÝTM-niň beýleki artykmaçlyklary, hasabatlaryň taýýarlanylyşy, enjamlar barada goşmaça maglumaty şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: 48-32-82; +99365 50-19-97
Salgysy: «10 ýyl Abadançylyk» köçesi, jaý 137
Saýt: www.ytm.tm