Tokiodaky yssy howa 147 ýyllyk rekordy täzeledi

  • 01.07.2022 09:43
  • 22k+

Tokioda iýun aýynyň ahyrynda howanyň ortaça temperaturasy 1875-nji ýyldan bäri alnyp barylýan gözegçiligiň dowamynda bu döwür üçin rekord derejeli boldy. Bu barada “Nikkei” gazeti habar berdi diýip, TASS belleýär.

Şeýlelikde, 21-nji iýundan başlap, 29-njy we 30-njy iýun üçin çaklamalary hasaba alyp, Tokioda gündelik ortaça temperatura Selsiý boýunça 32,8 gradus bolar. Öňki rekord Selsiý boýunça 30,8 gradus 1946-njy we 1963-nji ýyllarda goýuldy.
Iýun aýynda Ýaponiýanyň paýtagtynda yssy howa geçen hepdäniň ahyrynda ýagyş möwsümi tamamlanandan soň başlady. Paýtagt sebiti üçin bu ýagyş möwsümi 1951-nji ýyldan bäri iň gysgasy boldy. Geçen dynç günleri Ýaponiýanyň gündogaryndaky Isesaki şäherinde iýun aýy üçin absolýut temperatura rekordy goýuldy – ol Selsiý boýunça 40,1 gradus boldy.
Ýapon häkimiýetleri ýurduň ýaşaýjylaryny, aýratynam, garry adamlary saglyk ýagdaýlaryna ünsli garamaga, Günüň aşagynda köp gezmezlige we köpräk suw içmäge çagyrýar. 


şu gün 16:19
722

Tokioda türkmen milli lybaslarynyň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Tokionyň «The Shoto Museum of Art» sungat muzeýinde 10-njy aprelde gadymy türkmen milli lybaslarynyň, el işleriniň, keşdeçilik we zergärçilik önümleriniň sergisi açyldy. Çäre «Merkezi Aziýanyň el işleri»......

07.04.2026 14:25
5.6k+

Ýaponiýa iş wizalaryny almak üçin täze talaplary girizýär

Ýaponiýanyň hökümeti inžener, halkara hyzmatlary boýunça hünärmen we ynsanperwer ylymlary pudagyndaky wiza almak isleýänlerden ýapon dilini bilýändigi barada resmi tassyknamany talap etmek barada karar kabul......

06.04.2026 14:50
9.4k+

Ýaponiýa adamlara ýetirýän zeleli sebäpli müňlerçe aýylaryň sanyny azaltmakçy

Ýaponiýanyň häkimiýetleri aýylaryň ýetirýän zyýanyna garşy göreşmegiň 2030-njy ýyla çenli niýetlenen täze meýilnamasyny tassykladylar. Okinawa Times neşiriniň habar bermegine görä, bu resminama müňlerçe aýyny......

31.03.2026 23:11
6.3k+

Ýaponiýada emeli aň bäbekleriň agysyny «terjime edip» başlady

Ýaponiýada emeli aň esasynda işlenip düzülen «Awababy» mobil programmasy ene-atalara entek dilem açmadyk çagalarynyň näme üçin aglaýandygyna düşünmäge kömek edýär....