«Türkmengaz» BAE-niň «Altavista F.Z.C» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

«Türkmengaz» BAE-niň «Altavista F.Z.C» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

«Türkmengaz» döwlet konsernine himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Altavista F.Z.C» kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

“Türkmengaz” döwlet konsernini zerur bolan himiki serişdeler, katalizatorlar we keramiki şarlar bilen üpjün etmek maksady bilen, bu baradaky degişli Karara 11-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.