Geljek hepde Türkmenistanda temperaturanyň +40 dereje bolmagyna garaşylýar

Geljek hepde Türkmenistanda temperaturanyň +40 dereje  bolmagyna garaşylýar

Geljek hepde Türkmenistanda howanyň temperaturasy ýokarlanmagyny dowam eder. Howa maglumaty gullugy käbir ýerlerde howanyň gyzgynlygy +40 derejeden hem ep-esli geçer diýip çaklaýar. 

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbeden çarşenbe gününe çenli aralykda gündizine howanyň aňrybaş temperaturasy +38 dereje bolar, sişenbe güni az-kem ýagyn ýagmagyna garaşylýar. Penşenbe güni howa +40 derejä çenli gyzar. Howa maglumaty gullugy anna güni tizligi sekuntda 15 metre ýetýän şemal bolar we temperatura +37 derejede, şenbe güni hem şol gyzgynlyk saklanar diýip çaklaýar. Ýekşenbe güni termometriň sütünjigi +39 derejä ýeter. 

Balkan welaýatynda duşenbe güni howa +39 dereje bolar, sişenbe güni bolsa gyzgynlyk +40 derejä ýeter. Çarşenbeden şenbä çenli temperatura +37 dereje töwereginde saklanar, ýöne anna güni +36 derejä çenli az-kem üýtgemegi mümkin. Ýekşenbe güni gyzgynlyk +40 derejä ýeter. 

Daşoguz welaýatynda duşenbe güni howanyň +35 dereje bolmagyna garaşylýar. Sişenbeden anna gününe çenli aňrybaş temperatura +39 dereje töwereginde  bolar. Şenbe we ýekşenbe günleri temperatura +40 derejä ýeter diýip çaklanylýar. 

Mary welaýatynda duşenbede howa +38 derejä çenli gyzar. Sişenbe we çarşenbe günleri aňrybaş temperatura +43 derejä ýeter. Howa maglumaty gullugy penşenbe güni temperatura +41 dereje bolar diýip çaklaýar. Anna güni howanyň +39 derejä çenli gyzmagyna garaşylýar. Şenbe güni bolsa howa hasam gyzyp, +40 derejä, ýekşenbe güni +41 derejä ýetmegi mümkin. 

Lebap welaýatynda duşenbe güni howanyň aňrybaş gyzgynlygy +37 dereje bolar. Sişenbe güni +40 dereje bolmagyna garaşylýar. Çarşenbe güni termometriň sütünjiginiň +41 derejä çenli ýokarlanmagy mümkin.  Penşenbe we anna günleri howanyň gyzgynlygy  +39 dereje bolar. Şenbe güni howa +40 derejä, ýekşenbe güni bolsa +41 derejä çenli gyzar.