Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini döretmek teklip edildi

  • 11.06.2022 08:27
  • 33k+

Aşgabatda bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek göz öňünde tutulýar. Bu barada 10-njy iýunda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli teklibi öňe sürdi.

Moskwanyň Uly Kreml köşgünde geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesinde Prezident Wladimir Putin: «Russiýa dürli ugurlarda ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistana ýakyndan ýardam berýär. Türkmen ýaşlarynyň arasynda rus bilimine gyzyklanmalar durnukly ýagdaýda ýokary bolmagynda galýar» diýmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bilelikdäki türkmen-rus uniwersitetini döretmek hakyndaky teklibini goldaýandygyny mälim etdi.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň 30 müňden gowragy okaýar. Şolaryň 4 müň 300-den gowragy bolsa býujetiň maliýeleşdirmeginde bilim alýan talyplardyr.

Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow nobatdaky gepleşikleriň barşynda Türkmenistanda indi 20 ýyl bäri A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň üstünlikli hereket edýändigini göz öňünde tutup, türkmen tarapynyň bu mekdebiň işini has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Prezident Wladimir Putin, öz gezeginde, bu ugurda durmuşa geçiriljek çärelere hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. 


26.04.2026 20:55
2.9k+

Türkmenistan we Russiýa ylym-bilim ulgamynda täze bilelikdäki taslamalary kesgitledi

21–22-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwa şäherinde saparda boldy we rus hyzmatdaşlary bilen......

26.04.2026 20:50
1.6k+

Magtymguly adyndaky TDU we d’Annunsio uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Italiýanyň Gabriele d’Annunsio adyndaky uniwersiteti onlaýn-maslahat geçirip, hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekdi....

25.04.2026 19:30
2.4k+

Astanada Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokary bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Astana şäherinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilen Gazagystanyň ylym we ýokary bilim ministri Saýasat Nurbegiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu......

18.04.2026 23:48
2.1k+

Aşgabatda Hytaýyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ministriň orunbasary Azat Ataýewiň Hytaýyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Taraplar bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki......