Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Moskwa bardy

  • 10.06.2022 16:32
  • 29k+

Şu gün — 10-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasyna bardy. Munuň özi hormatly Prezidentiň bu dostlukly ýurda döwlet Baştutany hökmünde amala aşyrýan ilkinji resmi sapary hökmünde taryhy ähmiýete eýedir. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň uçary Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menzilinde gondy. Belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli bu ýerde Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde Türkmenistanyň Baştutanyny RF-niň daşary işler ministriniň orunbasary, ýurduň Daşary işler ministrliginiň Döwlet protokoly departamentiniň müdiri we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.
Şu gün Uly Kreml köşgünde Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçiriler.


şu gün 11:28
313

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 19:44
1.9k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......

15.06.2026 18:57
1.6k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
1k+

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......