Amina Mohammed Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna barar we suw meselesi boýunça konferensiýa gatnaşar

  • 04.06.2022 20:17
  • 15k+

5-nji iýundan 12-nji iýun aralygynda BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Amina Mohammed Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna baryp görer. Şeýle-de, ol Täjigistanda geçiriljek suw boýunça halkara konferensiýada BMG-niň ýolbaşçysy hökmünde wekilçilik eder diýip, BMG-niň saýty habar berýär.

«2018 – 2028-nji ýyllarda Durnukly ösüş üçin suw» hereketleriniň halkara onýyllygy boýunça ikinji ýokary derejeli Halkara konferensiýa 7-8-nji iýunda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçiriler.
Sebite saparynyň çäginde Amina Mohammed Türkmenistana, Özbegistana, Gazagystana we Gyrgyzystana barar. Saparynyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary sebitiň ýurtlarynyň resmi adamlary hem-de ýaşlar we zenanlar guramalarynyň hem beýleki hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleri bilen duşuşar. Ol bu duşuşyklarda azyk, energetika we maliýe çökgünlikleri bilen baglanyşykly meseleleri, şeýle-de durnukly ösüş ugrunda Maksatlaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýär.
Täjigistanda we Gyrgyzystanda Baş sekretaryň orunbasary BMG-niň ösüş ulgamynyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan durnukly ösüş ugrunda BMG bilen hyzmatdaşlyk barada ilkinji şertnamalara gol çekişlik dabarasyna gatnaşar.
FAO-nyň maglumatlaryna görä, ýakyn onýyllyklarda ýurtlaryň we sebitleriň köpüsi suw serişdeleriniň ýetmezçiligini başdan geçirer. Pekin, London, Mumbaý we Tokio ýaly uly şäherler bolsa 2050-nji ýyla çenli suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly düýpli çökgünlige duçar bolup biler.
Suw ýetmezçiliginiň derejesini ölçemek üçin FAO-nyň hünärmenleri “suw stressi” ýa-da suw resurslaryna edilýän basyşyň derejesi ýaly görkezijini ulanýar. Olar suw almagyň onuň gorlaryna bolan göterim gatnaşygyny hasaplaýarlar.
Täjigistanda, Ermenistanda we Azerbaýjanda “suw stressi” ortaça diýlip bahalandyrylýar, ol degişlilikde 62 göterime, 56 göterime we 54 göterime deňdir. Gyrgyzystanda we Gazagystanda süýji suwuň ulanylyş görkezijisi dünýä derejesinden ýokary bolup, degişlilikde 50 göterime we 33 göterime ýetýär.


şu gün 11:12
889

Türkmenistanyň Prezidenti Argentinany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Argentinanyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Hawýer Herardo Mileýe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Argentina Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi...

şu gün 11:02
5.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow awgustda “Awazada” geçiriljek halkara maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary Balkan welaýatyna bilen ugrady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljerdi...

şu gün 10:18
2.8k+

ÝB raýatlaryna ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edendigi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

8-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Kaýa Kallasyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi...

şu gün 10:09
5.3k+

Mähri Bäşimowa BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda ýokary derejedäki duşuşykda çykyş etdi

7-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin parahatçylyk zolaklary boýunça ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy...