Daşoguzyň täze hassahanalarynyň işi Aral sebäpli döreýän ýagdaýlaryň öňüni almaga gönükdiriler

Daşoguzyň täze hassahanalarynyň işi Aral sebäpli döreýän ýagdaýlaryň öňüni almaga gönükdiriler

31-nji maýda Daşoguz welaýatynda saparda bolýan Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat köpugurly hassahanasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary A.Germanowyň we Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň baş lukmany H.Gurbanowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda hassahananyň baş lukmany bölümleriň iş tertibi, lukmanlaryň hünär derejesiniň kämilleşdirilişi hem-de sanly ulgamy işjeň ulanmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada gürrüň berdi.

Hormatly Arkadagymyz hassahana gowşurylan halkara hil güwänamalarynyň hereket ediş möhletiniň gözegçilikde saklanylmalydygyny, wagtyň geçmegi bilen täze innowasion tehnologiýalaryň hem-de täze lukmançylyk enjamlarynyň dolanyşyga girizilýändigini nazara alyp, ISO güwänamalaryny täzelemek boýunça degişli guramaçylyk işleriniň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Lukman Arkadagymyz hassahananyň enjamlaşdyrylyş derejesiniň ýokary halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini belläp, baş lukman bilen hassahananyň ähli hünärmenlerini, aýratyn-da, lukmanlary hünär synagyndan geçirmek işlerini ýola goýmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdy we bu babatda oňa degişli maslahatlaryny berdi. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz bu ýerde saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary bilen bolan gürrüňdeşlikde täze gurlan hassahanada halkymyza lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmagyň guralyşyny dolandyrmak meselelerine möhüm üns berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gürrüňi dowam edip, hassahanalaryň işi gurnalanda, bazar ykdysadyýetiniň düzgünlerinden ugur alynmalydygyna, hojalyk hasaplaşygy we býujet serişdeleri boýunça satyn alnan däri-dermanlaryň, enjamlaryň rejeli hem-de maksadalaýyk ulanylmagyna berk gözegçilik edilmelidigine ünsi çekdi.

Bu sebitde Aral deňziniň guramagy bilen emele gelýän ýaramaz täsirleriň öňüni almak boýunça zerur işler geçirilmelidir hem-de adamyň saglygyna ýetirjek oňaýsyz täsirini azaltmak boýunça bitewi öňüni alyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirilmelidir. Soňky döwürde ýüze çykýan ýagdaýlaryň beýleki käbir daşarky täsirler bilen baglanyşykly ýagdaýlary hem göz öňünde tutulmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, lukman Arkadagymyz Daşoguz welaýatynda gurlup, ulanmaga berlen welaýat köpugurly hassahanasy hem-de welaýat onkologiýa hassahanasy, şeýle hem ministrligiň buýurmagynda täze gurulmagy meýilleşdirilýän welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň işiniň hem Aral deňziniň oňaýsyz täsiriniň öňüni almaga, aýratyn-da, çaga keselleriniň öňüni almaga we bejermäge gönükdirilse maksadalaýyk boljakdygyny belledi. 

Hormatly Arkadagymyz lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça degişli jemgyýetleri döretmegiň zerurlygyny belledi.