Habib çempiony adaty söweşijiden tapawutlandyrýan häsiýeti aýtdy

  • 28.05.2022 12:21
  • 32k+

33 ýaşly öňki russiýaly söweşiji we ýeňil agramda UFC-niň eks-çempiony Habib Nurmagomedow çempionda bolmaly esasy häsiýet barada gürrüň berdi. Bu barada championat.com habar berýär.

“Söweşijiler bilen çempionlaryň arasyndaky tapawut çempionlaryň basyşdan baş çykaryp bilmeginde jemlenýär. Söweşiji kän, ýöne olaryň ählisi çempion bolup bilmeýär. Sen diňe ähli basyşlary dolandyrmagy öwrenen ýagdaýyňda çempion bolup bilersiň. Sen şol basyşy kabul edýärsiň we ony dogry ugra gönükdirýärsiň. Sen ony ulanyp bilýärsiň. Adaty söweşiji bilen çempionyň arasyndaky tapawut hem şundadyr.

Men mundan nähili baş çykarmalydygyny, muny nähili dolandyrmalydygyny bilýärdim we bu basyşy üstünligim üçin peýdalandym. Oktagona çykýan köp söweşijiler millionlarça adam olara sereden ýagdaýynda we basyş edilende özlerini dolandyryp bilmeýärler. Ýöne sen muny diňe bir dolandyrman, eýsem öz garşydaşyňa tarap ulanyp biljekdigiňi duýan wagtyňda, sen ýeňýärsiň” – diýip, Habib Braýan Robertsiň YouTube-kanalynda aýtdy. 

Nurmagomedow MMA-da 29 söweş geçirip, olaryň her birinde ýeňiş gazandy. Soňky gezek ol 2020-nji ýylyň güýzünde söweşip, amerikaly Jastin Getjiden üstün çykdy. Söweşden soň ol professional karýerasyny tamamlaýandygyny, sebäbi ejesine kakasyz söweşmejekdigine wada berendigini aýtdy.

Karýerasyny tamamlandan soň, Nurmagomedow Eagle FC promouşenini esaslandyrdy. EFC ilkinji çäresini 2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda ABŞ-da geçirdi. Häzirki wagtda Habibiň ligasy 46 ýaryş geçirdi.


düýn 21:05
2.6k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
5.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

22.05.2026 07:07
6k+

Kolbi Kowington karýerasyny tamamlady: UFC ony resmi sanawdan aýyrdy

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) ýarym orta agram derejede çykyş edýän amerikan söweşijisi Kolbi Kowington UFC-niň resmi sanawyndan çykaryldy we promouşeniň resmi saýtynda karýerasyny tamamlan hökmünde......

19.05.2026 23:41
9.9k+

Konor resmi taýdan UFC-ä dolanýar: Makgregor UFC 329-da Maks Holloweýa garşy oktagona çykar

UFC promouşeniniň ýolbaşçysy Dana Waýt Konor Makgregoryň oktagona dolanýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Irlandiýaly söweşiji 11-nji iýulda "T-Mobile Arena" meýdançasynda geçiriljek UFC 329 ýaryşynda......