Kolbi Kowington karýerasyny tamamlady: UFC ony resmi sanawdan aýyrdy

  • 22.05.2026 07:07
  • 6.1k+

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) ýarym orta agram derejede çykyş edýän amerikan söweşijisi Kolbi Kowington UFC-niň resmi sanawyndan çykaryldy we promouşeniň resmi saýtynda karýerasyny tamamlan hökmünde görkezildi.

Kowington MMA-daky karýerasyna 2012-nji ýylda başlap, UFC-de ilkinji gezek 2014-nji ýylda çykyş etdi. Onuň iň gowy netijesi yzygider gazanan ýedi ýeňşi boldy. 2018-nji ýylyň iýunynda ol braziliýaly Rafael Dos Anýosdan üstün çykyp, ýarym orta agramda UFC-niň wagtlaýyn çempiony titulyny gazandy. Soňra bellenilen senede gürrüňsiz çempion Taýron Wudlä garşy uruşmakdan ýüz öwrendigi üçin, bu titulyndan mahrum boldy.

Kowington soňky alty söweşinde dört gezek ýeňildi. Ol iň soňky ýeňşini UFC 272 ýaryşynda Horhe Maswidala garşy söweşde gazandy, şondan soň Leon Edwardsdan we 2024-nji ýylyň dekabrynda Hoakin Bakliden ýeňildi.

2026-njy ýylyň martynda Kowington özüniň Ak tamda geçiriljek UFC ýaryşynyň söweş sanawyna girizilmändigine nägilelik bildiripdi.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......