Toyota toplum şaýlarynyň ýetmezçiligi sebäpli zawodlaryny togtadýar

  • 25.05.2022 18:32
  • 12k+

Toyota iýun aýynda öz önümçiligini 100 müň awtoulaga çenli gysgaldar diýip Reýter habar berýär. Maýyň ahyrynda we iýunyň başynda kompaniýanyň dünýä boýunça, umuman alanyňda, 10 zawodynda konweýerler togtadylar. Bu uzak wagtdan bäri ýarym geçirijiler bilen bagly dowam edip gelýän meseleler bilen baglydyr, şol mesele sebäpli köp sanly awtoulag kompaniýalary öz modellerini çykarmagy sazlaşykly ýola goýup bilmän gelýärler.

Şeýle-de bolsa, Toyota heniz ulaglary goýbermegiň taýýar bahasyny üýtgetmedi — 2022-nji ýylyň martyndan 2023-nji ýylyň marty aralygy döwür içinde  ýapon kompaniýasy öz ähli zawodlarynda 9,7 mln töweregi awtoulagy goýbermegi meýilleşdirýär.

2021-nji ýylyň jemi boýunça hut Toyotanyň dünýäde iň iri  ulag öndüriji bolandygyny — kompaniýanyň 10,49 mln ulag (konserne girýän ähli brendler hasaba alynýar) goýberendigini bellemegimiz gerek. Bu 2020-nji ýyla garanda 10% oňatdyr. Ikinji ýerde 8,3 mln netije bilen (2020-nji ýyldaka garanda 7% pes) Volkswagen AG barýar. Üçünji ýerde bolsa Amerikanyň General Motors-y barýar: 6,29 mln (- 8%). Şeýle hem top-5 ulag öndürijileriň hataryna Stellantis (5,29 mln, +4%) we Honda (4,12 mln, - 6%) konsernleri girdi.


29.05.2026 16:35
6.5k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......

23.05.2026 08:13
4k+

Toyota hereketlendirijilerdäki meseleler sebäpli V6-ly ulaglaryny ýene-de yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy ABŞ-da 3,5 litrlik V6 hereketlendirijileriniň döwülmek howpy sebäpli 44 müň töweregi Toyota Tundra pikapyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

22.05.2026 14:47
6.6k+

Iň kiçi Toyota Land Cruiser FJ ýolsuz ýerde ýöreýän ulagy ýapon bazaryna çykdy

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda täze Land Cruiser FJ ramaly wnedorožniginiň satuwa çykarylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Model ýeke-täk VX komplektasiýasynda hödürlenip, bahasy 4,5 million ýena......

18.05.2026 06:21
5.9k+

Toyota RAV4-i pikapa öwürmek isleýär

Toyota kompaniýasy häzirki nesil RAV4 krossoweriniň platformasynda täze ýeňil pikap işläp düzmegiň we çykarmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada ýapon konserniniň Demirgazyk Amerika bölüminiň ýolbaşçysy......