Toyota hereketlendirijilerdäki meseleler sebäpli V6-ly ulaglaryny ýene-de yzyna çagyrýar

  • 23.05.2026 08:13
  • 4.1k+

Toyota kompaniýasy ABŞ-da 3,5 litrlik V6 hereketlendirijileriniň döwülmek howpy sebäpli 44 müň töweregi Toyota Tundra pikapyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi.

Öndürijiniň maglumatlaryna görä, detallary gaýtadan işlemek prosesinden soň hereketlendirijilerde mehaniki galyndylar galyp bilýär, bu bolsa podşipnikleriň zaýalanmagyna we hereketlendirijiniň gysylmagyna sebäp bolup biler. Bu şol bir mesele bilen baglanyşykly eýýäm üçünji serwis kampaniýasydyr.

Ozal bu ýagdaý diňe «Toyota Tundra» däl, eýsem 2021-nji ýyldan 2024-nji ýylyň başyna çenli çykarylan şol meňzeş hereketlendirijili «Lexus» kysymly ulaglary hem öz içine alýardy. Täze kampaniýa bolsa 2024-nji ýylyň dowamynda öndürilen awtoulaglara degişlidir.

Toyota kompaniýasy mesele ýüze çykarylandan soň, hereketlendirijileri arassalamak üçin goşmaça gözegçilik çäreleriniň girizilendigini habar berdi. Ýöne şonda-da soňra galan metal galyndylarynyň käbir berkitmeleri hatardan çykarmak üçin ýeterlikdigi mälim boldy.

2024-nji ýyldan soň çykarylan awtoulaglara has berkidilen podşipnikler goýuldy. Kompaniýada olaryň şeýle zeper ýetmelerden has gowy goralandygyna ynanýarlar.

Toyota hereketlendirijileri abatlamagyň gutarnykly usulynyň entek işlenip düzülýändigini mälim etdi. Gutarnykly çözgüdi birnäçe aýyň dowamynda tapmak meýilleşdirilýär. Kompaniýanyň maglumatyna görä, öňki yzyna çagyryş kampaniýalaryndan 77 müňden gowrak awtoulag eýýäm abatlaýyşdan geçdi.

Bu mesele gibrid güýç gurluşly pikaplara we ýolsuz ýerlerde ýöreýän ulaglara (wnedorožnik) täsir etmeýär.


şu gün 08:19
936

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

şu gün 01:38
3.3k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

düýn 14:04
9.1k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
4.9k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......