Iň kiçi Toyota Land Cruiser FJ ýolsuz ýerde ýöreýän ulagy ýapon bazaryna çykdy

  • 22.05.2026 14:47
  • 6.7k+

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda täze Land Cruiser FJ ramaly wnedorožniginiň satuwa çykarylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Model ýeke-täk VX komplektasiýasynda hödürlenip, bahasy 4,5 million ýena (takmynan 28 800 dollara) deňdir.

Öndüriji içerki bazarda bu modeliň her aýda takmynan 1,3 müň nusgasyny satmagy meýilleşdirýär.

Land Cruiser FJ-iň tehniki aýratynlyklaryna 163 at güýjüne (246 Nm) eýe bolan 2,7 litrlik benzinli atmosfera «dörttlügi» degişlidir. Ol 6 basgançakly Super ECT awtomatiki transmissiýasy we Part-Time doly çekiji ulgamy bilen utgaşykly işleýär.

Garyşyk aýlawda ýangyç sarp edilişi 100 km üçin 8,7 litr derejesinde yglan edildi. Uzynlygy 4575 mm bolan bu awtomobil Land Cruiser 250 (Prado) modelinden 350 mm gysgadyr, onuň teker binýady bolsa 2580 mm-e deňdir. Gysga ölçeglerine garamazdan, bagažynyň göwrümi 795 litre, yzky oturgyçlar ýatyrylanda bolsa 1607 litre ýetýär.

Gurluşy boýunça ýolsuz ýerde ýöreýän ulag öň tarapdan iki ryçagly, yz tarapdan bolsa kese dartgylary bolan dört ryçagly asma ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Inženerleriň tassyklamagyna görä, asma ulgamynyň hereketliligi we geçijilik burçlary Prado-nyň görkezijileri bilen birmeňzeşdir.

Eksterýeriň aýratynlygy hökmünde böleklere bölünen bamperleri görkezmek bolar, olar şikes ýeten aýry-aýry bölekleri çalşyrmaga mümkinçilik bermek bilen bejeriş işlerini ýeňilleşdirýär. Standart enjamlaşdyrylyşynyň sanawyna 12,3 dýuýmlyk mediulgamy, töwerege doly syn ediş ulgamy we Toyota Safety Sense howpsuzlyk toplumy girýär.

Şeýle hem kompaniýa 2027-nji ýylyň ýazynda FJ-iň bagažynda daşamak we büdür-südür ýerlerde sürmek üçin ýörite niýetlenen Land Hopper eplenýän elektrowelosipediniň çykaryljakdygyny habar berdi.


şu gün 14:04
3.8k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

düýn 11:18
4.6k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.2k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.9k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......