Состоялось очередное рабочее совещание с главами регионов

  • 24.05.2022 07:50
  • 11k+

23-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. 

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda, ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitleriň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişi, galla oragyny guramaçylykly geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlüşi, ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň dowamynda şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hem aýdyldy. Maslahatda welaýatlaryň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri hakynda hem habar berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça we ak ekinlere degişli derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler, şeýle hem galla oragyna guramaçylykly hem-de bellenilen möhletlerde girişmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň döwlet Baştutanynyňozal beren tabşyryklaryna laýyk dowam edýändigi barada habar berildi. Şeýle hem wise-premýer şu günler dowam edýän pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de pile tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamany doly berjaý etmek boýunça işleriň bildirilýän talaplara laýyklykda ýerine ýetirilýändigini aýtdy.


20.06.2026 11:41
3.8k+

Туркменистан и Малайзия закрепили договоренности соглашениями

По итогам переговоров в узком и расширенном составах президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов и премьер-министр Малайзии Анвар Ибрахим подписали совместное заявление, подтверждающее приверженность......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Прошли переговоры между президентом Туркменистана и премьер-министром Малайзии

19 июня в Ашхабаде состоялись двусторонние переговоры между президентом Туркменистана Сердаром Бердымухамедовым и премьер-министром Малайзии Анваром Ибрахимом, прибывшим накануне с официальным визитом. Об этом......

18.06.2026 12:31
5.8k+

Сердар Бердымухамедов ознакомился с ходом жатвы в Ахалском велаяте

Президент Туркменистана Сердар Бердымухамедов совершил рабочую поездку в Ахалский велаят, где ознакомился с ходом продолжающейся косовицы хлебов. Об этом сообщает госинфорагентство TDH....

11.06.2026 13:44
3.8k+

Хлеборобы Дашогузского и Балканского велаятов присоединились к косовице

10 июня земледельцы Дашогузского и Балканского велаятов спустя неделю после остальных регионов страны приступили к уборке урожая пшеницы....